Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň «Jeýhun» daýhan birleşiginiň bagbanlary şu ýyl üzüm hasylyny üstünlikli ýygnap, ýokary netijeleri gazandylar. Olaryň zähmeti ýurdumyzyň içerki bazarlarynda azyk bolçulygyny üpjün etmäge goşant goşýar. Bu barada Lebap.biz neşiri habar berýär.

Daýhan birleşiginiň bagçylyga ýöriteleşdirilen kärendeçiler toparyna 62 gektardan gowrak bag meýdany berkidilendir. Bu ýerde 85 sany tejribeli bagban zähmet çekýär. Şol meýdanyň ýarysyna golaýyny üzümçilik tutýar.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bagbanlar üzümçiligiň hasyllylygyny ýokarlandyryp, bol hasyl almagy başardylar.