Berkarar döwletimiziň ähli ulgamlary boýunça göz öňünde tutulan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ýaşlara aýratyn orun degişli. Ýol-ulag pudagynyň işini kämilleşdirmekde hem häzirkizaman tehnikalaryndan kämil baş çykarýan, ukyp-başarnykly ýaşlara bil baglanylýar. Bu ugurda Türkmenabat şäherindäki Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň welaýat şahamçasynyň desgasynda asylly işler alnyp barylýar.

Bu ýerde sürüjileri taýýarlamak we hünär derejesini ýokarlandyrmak işi nazaryýet, barlag-amaly okuwlaryny geçmek, ulag serişdelerini dolandyrmagy öwretmek boýunça özleşdirilýär. Tehniki taýdan kämilleşdirilen bu desgada ýol-ulag pudagynyň işine ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalaryň täsiri aýdyň duýulýar. Dolandyryş merkeziniň dispetçeri Selimjan Tohtaşowyň gürrüň bermegine görä, munuň üçin şahamça döwrebap enjamlar bilen doly üpjün edilen. Ýörite monitorlaryň ikisi arkaly awtotürgenleşik meýdançasyndaky ulaglaryň dolandyrylyşyna doly gözegçilik edilýär. Diňleýjiler awtoulaglary dolandyrmagy, olaryň şaýlaryny sökmegi we düzmegi, ulaglara tehniki taýdan hyzmat etmegi tejribe esasynda öwrenýärler. Işine ussat mugallymlar ulagy dolandyrmak ukybyny kämilleşdirmek üçin tejribe sapaklaryny-da yzygiderli guraýarlar.