
Türkmen-italýan ynsanperwer gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypa açyldy. Düýn Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Italiýanyň Kýeti we Peskara şäherleriniň Gabriele d’Annumsio uniwersitetiniň arasynda geçirilen onlaýn-konferensiýanyň dowamynda özara hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyga dabaraly ýagdaýda gol çekildi.
Gol çekilen resminama diňe bir iki uniwersitetiň däl, eýsem iki ýurduň arasyndaky medeni we ylmy gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilendir. Ylalaşykda aşakdaky anyk ugurlar boýunça iş alyp barmak göz öňünde tutulýar:
Italiýanyň bu abraýly ýokary okuw mekdebi taryh, geologiýa, inženerçilik, arhitektura we medisina ýaly ugurlarda dünýäniň öňdebaryjy ylmy merkezleriniň biri hasaplanýar. Aýratyn-da, uniwersitetiň Merkezi Aziýada alyp barýan arheologiýa we medeni miras boýunça ylmy-barlag işleri Türkmenistan üçin uly ähmiýete eýedir.
Iki uniwersitetiň arasyndaky hyzmatdaşlyk türkmen halkynyň baý medeni mirasyny we gadymy taryhyny dünýä ylmyna has içgin tanyşdyrmaga mümkinçilik berer. Bu hyzmatdaşlyk, ynsanperwer ylymlary — arheologiýa we häzirki zaman taryhy ulgamynda täze açyşlara ýol açar diýlip garaşylýar.
Keywords