
«HP» kompaniýasy «Ferrari» brendi bilen hyzmatdaşlykda täze ýokary derejeli noutbuk modelini — «HP Limited Edition Scuderia Ferrari AI PC» enjamyny tanyşdyrdy.
Täze enjamyň başlangyç bahasy 5 müň 599 ABŞ dollaryna deň bolup, onuň köpçülikleýin satuwy 12-nji iýundan başlamak meýilleşdirilýär.
Model «Ferrari Design Studio» bilen bilelikde işlenip taýýarlanylyp, onuň dizaýny meşhur awtoulag brendiniň sport stilini özünde jemleýär. Şeýle aýratyn görnüşde taýýarlanan enjam diňe çäkli mukdarda öndürildi. Noutbukyň umumy sany 4 müň 999 sany bilen çäklendirilýär.
Tehniki taýdan enjam häzirki zaman ýokary öndürijilikli aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Onda «Intel Core Ultra X7 358H» prosessory oturdylan bolup, ol güýçli hasaplaýyş mümkinçiliklerini üpjün edýär. Şeýle hem noutbuk 64 gigabaýt operatiw ýat we 1 terabaýtlyk SSD saklaýyş ýady bilen üpjün edilendir.
Hünärmenleriň pikirine görä, täze model oýunlar, döredijilik işleri we ýokary öndürijilik talap edýän professional programmalarda giňden ulanylyp bilner.
Keywords