
2025-nji ýyl Türkmenistanyň taryhynda döwletlilik ýörelgeleriniň, syýasy, ykdysady we durmuş ösüşiniň has-da pugtalanan döwri hökmünde möhüm orun eýe boldy. Bu barada 25-nji dekabrda «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň guramagynda geçirilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Bitarap Türkmenistanyň ynamly gadamlary» atly dabarada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow çykyşynda belledi.
TDH-niň habar berşi ýaly, wise-premýer çykyşynyň başynda dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, 2025-nji ýylyň ýurdumyzyň ösüş ýolunda täze tapgyry emele getirendigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda ýüzlerçe çäreler, halkara duşuşyklar we forumlar geçirildi.
Ýylyň dowamynda ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gatnaşyklar we özara saparlar işjeň häsiýetde dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtlara döwlet, resmi we iş saparlarynyň 15-sini amala aşyrdy. Bu saparlar dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, syýasy-diplomatik dialogy giňeltmäge hem-de söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirildi.
Şeýle-de çykyşda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan 9 ýurda daşary ýurt saparynyň amala aşyrylandygy nygtaldy. Munuň özi ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki işjeň ornuny aýdyň görkezýär.
Mundan başga-da, ýylyň dowamynda daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň Türkmenistana 31 saparynyň guralandygy bellenildi. Bu ýagdaý Türkmenistanyň parahatçylyk söýüji daşary syýasatynyň, Hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyk ýolunyň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýandygyna şaýatlyk edýär.
Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ösdürýändigini belläp, munuň ýurdumyzyň halkara abraýynyň yzygiderli ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydygyny nygtady.
Keywords