Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň ýokary derejeli umumy çekişmeleri başlandy. BMG-niň maglumatyna görä, çärä 71 döwlet Baştutanynyň we 45 hökümet Baştutanynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle hem onlarça ministriň we beýleki ýokary derejeli wekilleriň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.
Umumy çekişmeler 22–28-nji sentýabr aralygynda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda geçirilýär. Bu ýylky sessiýanyň esasy mowzugy «Ynamy dikeltmek, özgertmeleri dolandyrmak: hemmeler üçin netijeli işleýän BMG» diýlip kesgitlenildi.
BMG-niň 81-nji sessiýasynyň ýokary derejeli hepdeliginde dünýä liderleri parahatçylyk we howpsuzlyk, durnukly ösüş, howanyň üýtgemegi, emeli aň we beýleki halkara meseleleri boýunça garaýyşlaryny beýan edýärler. Guramanyň Baş Assambleýasynyň resmi maglumatlaryna görä, umumy çekişmeleriň esasy tapgyry 22–26-njy sentýabrda we 28-nji sentýabrda geçirilýär.
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş üçin bu soňky umumy çekişme bolar. Onuň ygtyýarlyk möhleti 2026-njy ýylyň ahyrynda tamamlanýar. Guterriş 22-nji sentýabrda eden çykyşynda dünýäde parahatçylyk we howpsuzlyk, deňsizlik, howanyň üýtgemegi hem-de emeli aň bilen bagly meseleleriň halkara hyzmatdaşlygy üçin möhüm synag bolup durýandygyny belledi.
Şeýle hem 23-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde Ösüş hukugy baradaky Jarnamanyň kabul edilmeginiň 40 ýyllygyna bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyk geçiriler. Ondan başga-da, ýokary derejeli hepdäniň dowamynda deňiz derejesiniň ýokarlanmagy, pandemiýalaryň öňüni almak we beýleki möhüm meseleler boýunça ýörite duşuşyklar meýilleşdirilýär.
Şu ýylky sessiýada emeli aň meselesine hem aýratyn üns berilýär. BMG-niň ýolbaşçylary emeli aňyň çalt ösmeginiň halkara howpsuzlygy, ösüş we jemgyýetçilik gatnaşyklary bilen bagly täze mümkinçilikleri hem-de töwekgelçilikleri döredýändigini belleýärler.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.