ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ak tamyň administrasiýasynda täze düzümleýin üýtgeşmeleriň geçirilýändigini yglan etdi. Şoňa laýyklykda, 2026-njy ýylyň 9-njy noýabryndan başlap, administrasiýanyň ýolbaşçysy wezipesine ozal onuň orunbasary bolup işlän Stiwen Miller belleniler. Bu barada Donald Tramp 6-njy noýabrda özüniň Truth Social sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berdi.
Prezidentiň beýanatynda Stiwen Miller onuň iň ynamdar geňeşçileriniň biri hökmünde häsiýetlendirilýär. Häzirki wagtda bu wezipäni eýeleýän Sýuzi Uaýls bolsa Trampyň syýasy toparynda (Trump Political Operation) işini dowam etdirer. Donald Tramp oňa administrasiýanyň ýolbaşçysy wezipesinde ýerine ýetiren işleri üçin minnetdarlyk bildirip, işine ýokary baha berdi.
Sýuzi Uaýls hem özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda anna gününiň Ak tamyň administrasiýasynyň ýolbaşçysy wezipesindäki soňky iş günüdigini mälim etdi. Ol Donald Trampyň prezidentliginiň döwründe Ak tamda işlemek mümkinçiligini ömrüniň iň möhüm işleriniň biri hökmünde häsiýetlendirdi. Amerikan habar beriş serişdeleriniň Ak tamdaky çeşmelere salgylanyp berýän maglumatlaryna görä, Uaýls wezipesinden çekilmek baradaky arzasyny penşenbe güni agşam tabşyrypdyr.
Stiwen Miller täze wezipä bellenilmegini uly hormat hökmünde kabul edýändigini aýdyp, Sýuzi Uaýlsa wepaly gullugy hem-de dostlugy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Sýuzi Uaýls Donald Trampyň ikinji prezidentlik möhletiniň başyndan bäri Ak tamyň administrasiýasyna ýolbaşçylyk edip gelýärdi. Ol bu wezipä bellenen ilkinji zenan hökmünde taryha girdi. Stiwen Miller bolsa Trampyň immigrasiýa syýasatynyň esasy işläp düzüjileriniň biri hasaplanýar. Ol 2025-nji ýyldan bäri administrasiýa ýolbaşçysynyň syýasat boýunça orunbasary we milli howpsuzlyk meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesinde işläp gelýär.
Ak tamdaky bu wezipe çalşygy ABŞ-nyň Kongresine geçirilen aralyk saýlawlardan birnäçe gün soň amala aşyryldy. Habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, saýlawlaryň netijesinde Demokratik partiýanyň wekilleri Kongresiň iki palatasynda-da gözegçiligi ele alypdyrlar. ABC News we Axios ýaly neşirler öz çeşmelerine salgylanyp, Donald Trampyň saýlawlaryň netijelerinden nägile bolandygyny habar berdiler. Şeýle-de bolsa, kadr çalşygynyň resmi sebäbi häzirlikçe mälim edilmedi.
Ak tamdan gidip barýarka žurnalistleriň soraglaryna jogap beren Donald Tramp bu wezipede «üýtgeşiklik girizmek isleýändigini» aýtdy.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.