Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen Türkmenistanyň Bilim ministrligi adam maýasyny ösdürmäge gönükdirilen täze bilelikdäki taslamanyň durmuşa geçirilmegine başlady.
Taslamanyň çäklerinde ilkinji duşuşyk ugurdaş döwlet edaralarynyň wekilleriniň we halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Duşuşykda demografik özgertmeleri, bilim ulgamyny, hünär başarnyklaryny ösdürmegi we zähmet bazarynyň isleglerini özara baglanyşdyrýan bitewi çemeleşmäni döretmäge gönükdirilen başlangyjyň synag tapgyry ara alnyp maslahatlaşyldy.
Täze taslama döwlet edaralarynyň maglumatlary seljermek we uzak möhletleýin meýilleşdirmek boýunça mümkinçiliklerini güýçlendirmegi göz öňünde tutýar. Şeýle hem ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda geljekde zerur boljak hünärmenleriň sanyny we ugurlaryny kesgitlemek üçin forsaýt-çaklamalaryny taýýarlamak meýilleşdirilýär.
Taslamanyň ilkinji tapgyrynda häzirki wagtda ulanylýan usullar we döwlet edaralarynyň özara hyzmatdaşlyk gurallary seljeriler. Şol maksat bilen halkara bilermenleri degişli ministrlikler we edaralar bilen birnäçe iş duşuşyklaryny geçirer.
BMGÖM-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan ýurduň ýaş ilatynyň ykdysady we durmuş ösüşi üçin uly mümkinçilikleri döredýändigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, taslamanyň esasy maksady ýokary hilli bilim, innowasiýalar we mynasyp iş orunlaryny döretmek arkaly bu mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmaga şert döretmekden ybarat.
Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew hem başlangyjyň zähmet bazarynyň geljekki zerurlyklaryny öňünden kesgitlemäge we ykdysadyýetiň talap edýän hünärmenlerini taýýarlamaga ýardam berjekdigini nygtady.
Taslama Türkmenistanyň milli ileri tutulýan ugurlary bilen bir hatarda, 2026–2052-nji ýyllar üçin ýokary hünär bilimini ösdürmegiň Strategiýasy bilen hem sazlaşykly alnyp barylýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.