2026-njy ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Logistika» ugry boýunça onlaýn bäsleşik geçiriler. Intellektual bäsleşik sagat 14:00-da sanly bilim portalynyň üsti bilen guralar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berdi.

Bäsleşigiň geçirilmegi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Aziýada hyzmatdaşlyk we ynanyşmak çäreleri boýunça Geňeşiň (CICA) 7-nji sammitinde öňe sürlen ykdysady hem-de ulag-logistika başlangyçlaryny giňden wagyz etmek bilen baglanyşyklydyr.

Bäsleşik talyplaryň logistika, sanly tehnologiýalar we innowasion çözgütler boýunça nazary bilimlerini çuňlaşdyrmaga, amaly başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir. Şeýle hem bu çäre sanly ykdysadyýetiň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga we olaryň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmäge mümkinçilik döreder.

Bäsleşige ýurduň her bir ýokary okuw mekdebinden bäş talyp gatnaşyp biler. Gatnaşyjylara logistikanyň dürli ugurlary we logistiki modelirleme boýunça 30 sany test soragyny hem-de dört sany amaly meseläni çözmek üçin iki sagat wagt berler. Ýumuşlaryň netijesi boýunça gazanyp boljak iň ýokary bal 100-e deňdir.

Bäsleşige gatnaşjak talyplar we olara ýolbaşçylyk edýän jogapkär mugallymlar baradaky maglumatlar 2026-njy ýylyň 15-nji noýabryna çenli bellenilen nusga laýyklykda olousolymp@gmail.com elektron poçta salgysyna iberilmelidir.

Ýumuşlary üstünlikli ýerine ýetirip, ýokary netijeleri görkezen talyplar guramaçylyk-baha beriş toparynyň netijesi esasynda I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanar.

Bäsleşigiň şertleri barada goşmaça maglumat almak üçin +993 63 762276 telefon belgisi arkaly habarlaşmak bolýar.

Bu başlangyç ýaşlaryň logistika ulgamyndaky bilimlerini ösdürmek, olaryň sanly ykdysadyýet şertlerinde zerur bolan başarnyklaryny kämilleşdirmek we geljekki hünärmenleriň taýýarlygyna ýardam bermek babatda möhüm ähmiýete eýedir.