
Leýli Şirowa Kerki etrabyndaky 24-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi: Mekdebe çenli çagalar edaralary bilim ulgamynda çagalara bilim-terbiýe bermegiň ilkinji hem-de iň wajyp basgançagy bolup durýar. Bu ýerde bellenen dersler boýunça işlenen ýörite okuw maksatnamalaryna laýyklykda, körpelere ilkinji düşünjeler berilýär, başarnyklary we endikleri kemala getirilýär. Bu işler çagalara terbiýe bermek bilen berk utgaşyklylykda alnyp barylýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşajyk raýatlarynyň hemmetaraplaýyn ösen şahsyýetiniň kemala gelmeginiň düýbi tutulýar. Çagalaryň mekdepde üstünlikli okamagy üçin olaryň irki ösüş döwründen başlap alan bilimleriniň kesgitli derejede bolmagy talap edilýär. Şonuň üçin hem, guralýan her bir sapakda çagalaryň öň alan düşünjeleriniň üsti ýetirilýär. Şeýle hem olaryň sözleýiş dili ösdürilýär.
Mekdebe çenli ýaşly çagalarda oýun örän möhüm ähmiýete eýedir. Oýun olar üçin okuw, zähmet hem-de terbiýäniň möhüm serişdesidir. Mekdebe çenli ýaşly çagalar üçin oýun daş-töwerekdäki zatlara aň ýetirmegiň serişdesi bolup hyzmat edýär. Çaga eýýäm irki ösüş döwründen başlap, daş-töweregini gurşap alan tebigat bilen, deň-duşlary bilen aragatnaşykda bolmaga ymtylýar, ulularyň durmuşyna işjeň gatnaşasy gelýär. Çagalaryň oýunda daşky dünýäni suratlandyryp bilmegi oýnuň esasy aýratynlygy hasaplanýar. Oýun pursadynda çaganyň oýun oýnaýan ýeri — deňiz, çöl, uçar... we başga-da köp zatlar bolup biler. Oýun işiniň ýene bir aýratynlygy, onuň häsiýetiniň döredijilikliligidir. Çagalar ony ýüze çykaryjylar we gurujylardyr. Olar oýunda öz zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezýärler.
Çagalar oýun oýnamagy halaýarlar. Sapagyň dowamynda birek-birek bilen sorag-jogap alyşmagy öwredýäris. Oýunda we oýnuň üsti bilen terbiýeçi çagalarda batyrlyk, dogruçyllyk, ugurtapyjylyk, çydamlylyk, sabyrlylyk, agraslyk ýaly häsiýetleri terbiýeläp biler. Oýun—bu mekdepdir. Oýunda çaga adamlaryň tertip-düzgün kadalaryny işjeň we döredijilikli özleşdirýär. Oýunlara pedagogik taýdan dogry gözegçilik edilmegi zerurdyr. Oýun çagalara dogry täsir eder ýaly, çagalara nämäniň erbetdigini, nämäniň gowudygyny tapawutlandyrmagy öwretmeli. Terbiýeçi oýny beden terbiýesiniň serişdesi hökmünde hem ulanyp biler. Köp oýunlar işjeň hereketi talap edýär, gan aýlanyşygyny kadalaşdyrýar. Terbiýeçi oýun döwründe arassaçylygyň doly berjaý edilmegine üns bermelidir. Oýun çagalara gözellik terbiýesini bermekde hem ähmiýetlidir. Köp oýunlaryň mazmunyna çagala ra tanyş bolan aýdymlar, tanslar, goşgular, tapmaçalar girýär. Bularyň ählisi terbiýeçä çagalaryň gözellik düşünjelerini çuňlaşdyrmaga ýardam edýär. Şeýlelikde, oýun çagalaryň hemmetaraplaýyn ösmeginiň we terbiýelenmeginiň serişdesi bolup durýar.
Keywords