Şarja şäherinde ýerleşýän Global Studies University 2027-nji ýylyň güýz möwsüminde başlanjak magistratura we doktorantura maksatnamalaryna daşary ýurtly dalaşgärlerden, şol sanda Türkmenistanyň raýatlaryndan hem arza kabul edýär.

Uniwersitet Global Afrika barlaglary boýunça iki ýyllyk magistratura maksatnamasyny hödürleýär. Dalaşgärler muzeý işi we medeni miras, Afrikanyň diplomatiýasy we halkara gatnaşyklary ýa-da Afrika–Arap gatnaşyklary ugurlarynyň birini saýlap bilerler.

Global barlaglar boýunça bäş ýyllyk PhD maksatnamasy bolsa dil we terjime, edebiýat, medeniýet, sungat, taryh, halkara gatnaşyklar, syýasat we jemgyýetçilik ylymlary ýaly ugurlary öz içine alýar. Okuw maksatnamalarynyň ikisi hem Şarja şäherinde gündizki görnüşde we göni gatnaşmak arkaly geçirilýär. Bilim beriş dili iňlis dilidir.

Dalaşgärlerden degişli ugur boýunça ýokary bilim diplomy we 4,0 ballik ulgamda azyndan 3,0 ortaça akademik görkeziji talap edilýär. Şeýle hem IELTS Academic synagyndan azyndan 6,5 ýa-da TOEFL iBT synagyndan azyndan 91 bal almak zerurdyr.

Daşary ýurtly talyplar bäsleşik esasynda berilýän stipendiýa üçin hem dalaş edip bilerler. Maliýe goldawy okuw töleginiň doly möçberini, talyp wizasy bilen bagly çykdajylary, saglyk ätiýaçlandyrmasyny, uçar peteklerini, ýaşaýyş jaýyny, aýlyk tölegini we ylmy-barlag çykdajylaryny öz içine alýar.

Stipendiýa bäsleşigine gatnaşmak isleýänleriň ortaça akademik görkezijisi azyndan 3,5 bolmalydyr. Uniwersitete kabul edilmek stipendiýanyň awtomatiki ýagdaýda beriljekdigini aňlatmaýar.

Arzalar 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabryna çenli kabul edilýär. Resminamalaryň doly toplumyny ilkinji bolup tabşyran 40 dalaşgär 365 BAE dirhemi möçberindäki arza töleginden boşadylýar.

Magistratura we PhD maksatnamalary boýunça kabul ediş şertleri, gerekli resminamalar we beýleki maglumatlar uniwersitetiň resmi sahypalarynda ýerleşdirildi.