Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy şäher awtobuslaryny dolandyrmak üçin sürüjileri işe kabul edýär.
Boş iş orunlary «Hyundai» we «Yutong» kysymly şäher awtobuslarynda işlemek isleýän hünärmenler üçin hödürlenýär.
Işe dalaş edýän raýatlaryň esasy talaby — olaryň «D» derejeli sürüjilik şahadatnamasynyň bolmagydyr. Kärhana degişli talaplara laýyk gelýän dalaşgärleriň resminamalaryna seredip, saýlama işlerini geçirer.
Täze iş orunlaryna dalaş edýänler üçin ýaşaýan ýerine bagly çäklendirme goýulmaýar. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda ýaşaýan raýatlar hem-de Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary bu mümkinçilikden peýdalanyp bilerler.
Işe ýerleşmek ýa-da goşmaça maglumat almak isleýänler aşakdaky telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilerler:
☎ 44-33-94
☎ 44-33-52
☎ 44-33-49
Täze iş orunlarynyň döredilmegi şäher ýolagçy gatnawlarynyň hilini ýokarlandyrmak we döwrebap awtobus parkynyň netijeli işlemegini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň bir bölegi bolup durýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.