Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine resminamalaryň kabul edilişi dowam edýär. Eger siz heniz özüňize laýyk hünäri saýlamadyk bolsaňyz ýa-da tabşyrjak ýeriňiz barada anyk maglumat gözleýän bolsaňyz, onda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň dalasgar.bilim.tm saýty siziň iň ygtybarly ýardamçyňyz bolar.

Bu saýt size nähili kömek eder?

  • Anyk sanlar: Ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleri boýunça talyplary kabul etmegiň meýilnamasy.
  • Hünär saýlawy: 22 ýokary okuw mekdebinde hereket edýän 175 ugur boýunça giňişleýin maglumatlar.
  • Hakyky wagt: Häzire çenli her bir hünär boýunça näçe resminamanyň tabşyrylandygy barada operatiw maglumatlar.
  • Geografiki giňişlik: Aşgabat, Arkadag şäherleri we welaýatlar boýunça okuwlara kabul edişligiň gidişi barada doly syn.

«Dalaşgär-2026» ulgamy bilen resminamalaryň kabul edilişiniň ýagdaýy indi siziň eliňiziň aýasynda!

Dalaşgärlerimize okuwa girmek ugrundaky synaglarda we bäsleşiklerde üstünlik arzuw edýäris! Öz geljegiňize dogry ädimi şu günden başlaň!