19–20-nji oktýabrda Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň şäherleriniň durnuklylygy boýunça II Sebitleýin dialog geçirildi. Oňa Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň hökümet wekilleri, şäher ýolbaşçylary hem-de halkara bilermenler gatnaşdy.
Çäre Özbegistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi, Adatdan daşary ýagdaýlar we töwekgelçilikleri azaltmak boýunça sebit merkezi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) tarapyndan Ýaponiýanyň hökümetiniň maliýe we bilermenler goldawy bilen guraldy. Duşuşygyň esasy maksady ilaty we şäher infrastrukturasyny howa bilen bagly howplardan hem-de tebigy betbagtçylyklardan goramak üçin amaly çözgütleri işläp taýýarlamakdan ybarat boldy.
Dialogyň çäklerinde Şäherleriň durnuklylygy ugrundaky koalisiýanyň agzalarynyň sany bäşden ona çenli artdy. Ozal bu birleşige Petropawlowsk, Oş, Duşanbe, Aşgabat we Namangan şäherleri girýärdi. Indi olaryň hataryna Bişkek, Manas, Isfara, Fergana we Kokand şäherleri hem goşuldy. Täze agzalaryň käbiri Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) goldawyndan peýdalanýar.
Koalisiýa seýsmiki we howa töwekgelçiliklerini nazara almak bilen, şäherleri uzak möhletleýin meýilleşdirmek boýunça tejribe we bilim alyşmak, şeýle hem öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmak üçin möhüm platforma bolup hyzmat edýär. Bişkek şäher häkimliginiň wekili bu birleşigi sebitiň tagallalaryny bir ýere jemleýän «tündüge» — umumy üçege meňzetdi.
Duşuşygyň dowamynda bäş ýurduň milli seýsmologiýa institutlarynyň arasynda hem Ähtnama gol çekildi. Bu resminama ylmy maglumatlary alyşmagy, hyzmatdaşlygy utgaşdyrmagy we seýsmiki işjeňlige bilelikde baha bermegi ösdürmäge gönükdirilendir.
Dialoga gatnaşyjylar tebigy howplaryň öňüni almak boýunça çäreleri durmuşa geçirmegiň we durnukly infrastruktura maýa goýmagyň ähmiýetini aýratyn bellediler. Olaryň nygtaýşy ýaly, bu ugurdaky işler adamlaryň ömrüni halas etmäge, şäherleriň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga we gazanylan ykdysady netijeleri gorap saklamaga ýardam berýär.
Duşuşygyň çäklerinde öňe sürlen başlangyçlar tebigy betbagtçylyk töwekgelçiliklerini azaltmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we durnukly şäherleri ösdürmek boýunça halkara maksatlara ýetmäge gönükdirilendir. Olar, hususan-da, Sendaý çarçuwaly maksatnamasynyň, Pariž howa ylalaşygynyň hem-de BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş babatdaky Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegine goşant goşýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.