Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» atly 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň myhmanlaryny ALI atly adamşekilli robot garşylady. Emeli aň tehnologiýalary esasynda işleýän bu enjam sergä gatnaşyjylara energetika pudagynda ulanylýan döwrebap akylly ulgamlaryň mümkinçiliklerini görkezmek maksady bilen tanyşdyryldy.

ALI (Artificial Learning & Intelligence) ady bilen hödürlenen robot hytaýyň Unitree Robotics kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanylan Unitree G1 gumanoid robotydyr. Ol halkara forumyň çäklerinde sanlylaşdyrmagyň, awtomatlaşdyrmagyň we emeli aň esasynda işleýän innowasion çözgütleriň ähmiýetini görkezýän tehnologiýalaryň biri boldy.

Unitree G1 daş-töweregi bilen özbaşdak özara täsirleşmäge, dürli hereketleri ýerine ýetirmäge we dürli görnüşli obýektler bilen işlemäge niýetlenendir. Robotyň emeli aň we maşyn öwrenişi tehnologiýalary bilen utgaşdyrylan mümkinçilikleri onuň hereketlerini kämilleşdirmäge hem-de has çylşyrymly meseleleri çözmäge şert döredýär.

Enjamyň boýy takmynan 132 santimetre, akkumulýatory bilen birlikdäki agramy bolsa 35 kilograma deňdir. Toplumlaşdyrylyşyna baglylykda robot 23-den 43-e çenli hereketlendiriji bogun bilen üpjün edilýär. Şeýle hem ol sekiz ýadroly prosessor, çuňlugy kesgitleýän kamera we giňişligi üç ölçegli seljermek üçin niýetlenen 3D LiDAR datçigi bilen enjamlaşdyrylandyr. Robotda Wi-Fi 6 we Bluetooth 5.2 simsiz aragatnaşyk tehnologiýalary hem goldanylýar.

Unitree G1 robotynyň akkumulýatory takmynan iki sagada çenli awtonom işlemäge mümkinçilik berýär. Hereketleri dolandyrmak we güýç gözegçiligi ulgamlary onuň dürli obýektler bilen işleşmegini üpjün edýär. Maşyn öwrenişi algoritmleriniň ulanylmagy bolsa robotyň hereket başarnyklaryny ösdürmäge we ýerine ýetirýän wezipelerini kämilleşdirmäge ýardam berýär.

ALI robotynyň OGT 2026 sergisinde görkezilmegi energetika pudagynda sanly tehnologiýalaryň we emeli aň çözgütleriniň ulanylyşyna bolan gyzyklanmanyň artýandygyny görkezýär. Şeýle innowasion işläp taýýarlamalar önümçilik işlerini awtomatlaşdyrmakda, maglumatlary seljermekde we dürli tehnologik amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmakda täze mümkinçilikleri açýar.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» atly halkara maslahat we sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýär. Çäräniň işi 23-nji oktýabra çenli dowam eder.