Beýik Britaniýanyň Oksford uniwersiteti Türkmenistanyň gaz pudagynda tebigy gazyň gözegçiliksiz atmosfera zyňylmagyny azaltmaga gönükdirilen tehnologiýalar bilen goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi. Bu barada uniwersitetiň ylmy gözlegler we işläp taýýarlamalar boýunça wekili Ahmad Kameş Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» atly 31-nji halkara sergisiniň çäklerinde habar berdi.
Ahmad Kameşiň bellemegine görä, Oksford uniwersiteti daşky gurşawa ýetirilýän ýaramaz täsiri azaltmaga gönükdirilen ylmy gözleglere we innowasion çözgütleriň işlenip taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Ol, hususan-da, turbageçirijiler arkaly gazy daşamakda ulanylýan ýapyjy armaturalaryň we degişli tehnologiýalaryň kämilleşdirilmegi bilen meşgullanýar.
Bu çözgütleriň esasy maksady tebigy gazyň gözegçiliksiz syzyp çykmagynyň öňüni almak we onuň atmosfera goýberilmegini azaltmakdan ybaratdyr. Hünärmeniň düşündirişi ýaly, degişli tehnologiýalar arkaly syzyp çykmak howpy bolan gazy atmosfera goýbermegiň ýerine ony turbageçirijä gaýtadan gönükdirmek mümkin. Şeýle çemeleşme daşky gurşawy goramak bilen birlikde, gaz ýitgilerini azaltmaga we tebigy serişdelerden has netijeli peýdalanmaga ýardam berýär.
Ahmad Kameş bu meseleleriň Türkmenistanyň gaz pudagy üçin hem möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Tebigy gaz gorlaryna baý bolan ýurtda gaz ýitgilerini azaltmak, önümçilik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak we ekologiýa taýdan has amatly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikler bar.
Oksford uniwersitetiniň wekili Türkmenistana yzly-yzyna üçünji ýyl gelýändigini hem habar berdi. Onuň bellemegine görä, OGT sergisi ýylsaýyn giň gerime eýe bolup, oňa gatnaşýan kompaniýalaryň we hünärmenleriň sany artýar. Ahmad Kameş bu ýagdaýy Türkmenistanyň ykdysady ösüşi we halkara işewür hyzmatdaşlygynyň giňelmegi bilen baglanyşdyrdy.
Uniwersitetiň Türkmenistandaky ýerli hyzmatdaşy «Türkmen Gala» kompaniýasy bolup durýar. Ahmad Kameşiň sözlerine görä, bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde bilim we tejribe alyşmak, tehniki goldaw bermek hem-de Beýik Britaniýanyň degişli ugurdaky tejribesini türkmen bazaryna ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Şeýle hem ýaşlaryň döwrebap tehnologiýalar we ekologiýa meseleleri baradaky habardarlygyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär.
Oksford uniwersitetiniň hödürleýän tehnologiýalary gaz pudagynda serişdeleri tygşytly peýdalanmak, önümçilik ýitgilerini azaltmak we daşky gurşawy goramak boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.