Daşoguz welaýatynda oba hojalygynda suw serişdelerini has netijeli peýdalanmaga gönükdirilen täze sanly ulgam synagdan geçirildi. Taslama Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň hyzmatdaşlygynda durmuşa geçirilýär.
Taslamanyň çäklerinde BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) CROPWAT 8.0 maksatnamasy esasynda Türkmenistanyň howa şertlerine we toprak aýratynlyklaryna uýgunlaşdyrylan sanly çözgüt işlenip taýýarlanyldy. Ulgam ekinleriň suwaryş zerurlygyny has takyk kesgitlemäge we suw serişdeleriniň tygşytly ulanylmagyna mümkinçilik berýär.
Täze tehnologiýanyň ilkinji synag meýdançasy hökmünde Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etraby saýlanyldy. Bu ýerde 86 müň gektardan gowrak meýdanda gidromodul zolaklaşdyrma işleri geçirildi. Ulgam hemra maglumatlaryny we meteorologik görkezijileri seljerip, dürli oba hojalyk ekinleri üçin zerur bolan suw möçberini hasaplaýar.
Şeýle çemeleşme ekin meýdanlarynyň suwaryş zerurlygyny ylmy esasda kesgitlemäge, suwuň artyk sarp edilmeginiň öňüni almaga we suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyna ýardam eder.
Sanly suwaryş tehnologiýalaryny oba hojalygyna giňden ornaşdyrmak maksady bilen gidrotehnikler, agronomlar we degişli ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin ýörite okuw-amaly maslahaty hem geçirildi.
Taslamanyň çäklerinde suwaryş üçin zerur bolan suwuň möçberini sanly usulda hasaplamagyň ýörelgeleriniň ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalaryna girizilmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle hem bu çemeleşmäniň oba hojalygyny howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşdyrmakda möhüm gurallaryň birine öwrülmegine garaşylýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.