Hindistanyň paýtagty Deli şäherinde ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak we howanyň hapalanmagyny azaltmak maksady bilen elektrik ulaglarynyň ulanylyşyny giňeltmäge gönükdirilen täze syýasat durmuşa geçirilýär.
2026-njy ýylyň 1-nji iýulyndan güýje giren täze maksatnama laýyklykda, şäherde hasaba alynýan täze ulaglaryň aglaba bölegini elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglar emele getirmeli bolar. Bahasy 1,5 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan bu taslama Hindistanda elektromobil pudagynda amala aşyrylýan iň iri başlangyçlaryň biri hasaplanýar.
Maksatnamanyň çäklerinde elektrik ulaglaryny satyn alýan raýatlara döwlet tarapyndan subsidiýalar we dürli ýeňillikler berilýär. Şeýle hem benzin bilen işleýän köne ulaglaryny tabşyrýanlar üçin pul höweslendirmeleri göz öňünde tutulýar.
Täze syýasat, ilkinji nobatda, şäherdäki ulaglaryň takmynan 70 göterimini düzýän iki tigirli we üç tigirli ulaglara gönükdirilendir. Resminama laýyklykda, 2027-nji ýyldan başlap hasaba alynjak ähli täze üç tigirli ulaglar hem-de kiçi ýük awtomobilleri, 2028-nji ýyldan başlap bolsa iki tigirli ulaglar diňe elektrik energiýasy bilen işleýän görnüşde bolmalydyr.
Hünärmenleriň bellemegine görä, bu başlangyç awtoulag öndürijileri we sarp edijiler üçin ekologiýa taýdan arassa ulaglara geçişi çaltlaşdyrmaga ýardam eder.
Häzirki wagtda Delide hasaba alnan 8,7 million ulagyň takmynan 5 göterimi elektrik ulaglaryndan ybaratdyr. Şeýle-de bolsa, soňky ýyllarda olaryň sany yzygiderli artýar.
Şol bir wagtyň özünde şäher häkimiýetleri elektrik ulaglary üçin kuwwatlandyryş beketleriniň sanyny köpeltmek we degişli infrastruktura ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýarlar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.