Beýik Britaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Chevening stipendiýa maksatnamasyna gatnaşmak üçin arzalary kabul etmegiň başlanandygyny habar berdi.

Bu maksatnama Türkmenistanyň zehinli hünärmenlerine Beýik Britaniýanyň öňdebaryjy uniwersitetlerinde magistratura derejesinde doly maliýeleşdirilýän bilim almak üçin ajaýyp mümkinçilik döredýär.

Chevening maksatnamasy okuw töleglerini, ýaşamak bilen bagly çykdajylary we gatnaw töleglerini doly öz içine alýar. Maksatnamanyň esasy maksady geljekki ýolbaşçylary we dolandyryjylary goldamakdan, olaryň öz ýurtlarynyň ösüşine goşant goşmagyna hem-de häzirki zaman dünýä meselelerini çözmäge taýýarlanmagyna ýardam bermekden ybaratdyr.

Maksatnama dalaşgärlerden birnäçe esasy talaplary ýerine ýetirmegi göz öňünde tutýar. Olaryň arasynda:

  • ýokary derejeli liderlik ukybynyň bolmagy;

  • hünär gatnaşyklaryny ýola goýmak başarnygy;

  • ýokary bilimiň tamamlanan bolmagy;

  • saýlama ölçeglerine laýyk gelmek bar.

Arzalary kabul etmek 2026-njy ýylyň 4-nji awgustynda başlandy we 6-njy oktýabra çenli (sagat 12:00 UTC çenli) dowam eder. Resminamalary tabşyrmak işi dolulygyna onlaýn görnüşde amala aşyrylýar.

Gatnaşmak isleýän dalaşgärlere arza doldurmazdan öň maksatnamanyň talaplary we taýýarlanan görkezmeler bilen içgin tanyşmak maslahat berilýär. Gatnaşmagyň düzgünleri barada has giňişleýin maglumat almak we arza tabşyrmak üçin chevening.org/apply saýtyna girip bilersiňiz.

Chevening maksatnamasy halkara bilim we hünär ösüşi üçin giň mümkinçilik döredýän abraýly stipendiýa maksatnamalarynyň biri bolup, onuň çäklerinde dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelýän geljekki liderlere bilim almak we tejribe alyşmak mümkinçiligi berilýär.