Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty ýokary hünärli dilçi mugallymlary we terjimeçileri taýýarlamak maksady bilen, 2026/2027-nji okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamasy boýunça okuwa kabul ediş möwsüminiň başlanandygyny yglan edýär.
Okuw ugurlary
Institutda dilleri öwrenmek boýunça dürli ugurlar hödürlenýär:
- Bilim we pedagogika: Rus, iňlis, nemes, fransuz, ispan, italýan, arap, türk, pars, hindi, urdu, hytaý, ýapon we koreý dilleri bilen bir hatarda, türkmen dili we edebiýaty boýunça pedagogika bilimi.
- Terjime we terjimeçilik işi: Iňlis we rus dilleri boýunça terjimeçilik hünärleri.
Resminamalary kabul etmek
Resmi iş kagyzlary 2026-njy ýylyň 13 — 26-njy iýuly aralygynda welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde kabul edilýär. Dalaşgärler rektoryň adyna ýazylan arza, sowalnama, bilimi baradaky resminamanyň asyl nusgasy, saglyk kepilnamasy, häsiýetnama, fotosuratlar, zähmet depderçesiniň göçürmesi (işleýänler üçin), pasportyň we harby şahadatnamanyň nusgalaryny tabşyrmalydyrlar.
Giriş synaglarynyň tertibi
Giriş synaglary Aşgabat şäherinde geçirilip, welaýatlar boýunça bellenilen möhletler şulardan ybarat:
- Ahal welaýaty: 29-31-nji iýul;
- Balkan we Mary welaýatlary: 1-3-nji awgust;
- Lebap we Daşoguz welaýatlary: 4-6-njy awgust;
- Aşgabat we Arkadag şäherleri: 7-9-njy awgust.
Synaglar saýlanan hünärlere baglylykda degişli daşary ýurt dilleri, türkmen dili we edebiýaty, taryh ýa-da jemgyýeti öwreniş dersleri boýunça döwlet dilinde dilden geçirilýär. Bellenilen wagtda synaga gelmedik ýa-da synagdan geçip bilmedik dalaşgärler bäsleşige goýberilmeýär.
Habarlaşmak üçin: Salgy: Aşgabat şäheri, Aba Annaýew köçesi, 47. Telefon belgisi: 34-67-17.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.