Elektrik energiýasy bilen işleýän dünýäniň iň uly gämisi «China Zorrilla» ilkinji syýahatyny amala aşyrdy. Uzynlygy 130 metre deň bolan bu döwrebap suw ulagy 2 müň 100 ýolagçy we 225 awtoulag üçin niýetlenendir.

Gämä umumy agramy 250 tonnadan gowrak bolan batareýalar oturdylypdyr. Ol Argentinanyň we Urugwaýyň arasynda ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrar. Gämi Günorta Amerikanyň deňiz gatnawlary bilen meşgullanýan «Buquebus» kompaniýasynyň sargydy boýunça Awstraliýanyň «Incat Tasmania» kompaniýasy tarapyndan gurlupdyr.

«China Zorrilla» ilkinji gatnawyny Argentinanyň paýtagty Buenos-Aýresden Urugwaýyň Koloniýa şäherine çenli La-Plata derýasynyň üsti bilen amala aşyrdy. Iki sany özara birleşdirilen bölekden ybarat bolan gäminiň ýolagçylar üçin niýetlenen bölüminde umumy meýdany 2 müň 300 inedördül metre barabar bolan salgyt tölegsiz söwda nokatlary hem ýerleşýär. Gämi 55 kilometr aralykdaky ugurda gatnaw eder.

Doly elektrik energiýasy bilen işleýän gäminiň esasy aýratynlyklarynyň biri hem onuň hereketiniň sessiz bolmagydyr. Nebit ýangyjy bilen işleýän hereketlendirijiniň ulanylmaýandygy ses derejesiniň pes bolmagyny üpjün edýär.

«China Zorrilla» gämisiniň gurlan ýeri bolan Awstraliýanyň Hobart şäherindäki gämi gurluşyk kärhanasynda elektrik energiýasy bilen işleýän beýleki gämileriň hem gurluşygy dowam etdirilýär. Olaryň hatarynda Daniýanyň «Molslinjen» kompaniýasy üçin taýýarlanylýan uzynlygy 129 metre deň bolan üç gämi bar. Mundan başga-da, uzynlygy 78 metre ýetýän iki sany gibrid hereketlendirijili gämi hem gurulýar.

Bu taslamalar deňiz ulaglarynda elektrik energiýasynyň ulanylyşynyň giňelýändigini we daşky gurşawa täsiri azaltmaga gönükdirilen tehnologiýalaryň ösdürilýändigini görkezýär.