Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hünärmenleri Ýewropa Bileleşiginiň maliýeleşdirýän we GIZ-iň durmuşa geçirýän taslamalarynyň çäginde Özbegistan Respublikasynda halkara okuw we tejribe alyşmak saparynda bolýarlar. 8-14-nji iýun aralygyny öz içine alýan bu sapar sebitde ekologik durnuklylygy we «ýaşyl ykdysadyýeti» ösdürmäge gönükdirilendir.
Türkmen wekiliýetiniň Özbegistana bolan bu saparynyň baş maksady suw, energiýa we ekologiýa ugurlarynda halkara tejribesini öwrenmek, şeýle-de alternatiw energiýa çeşmelerini we innowasion biosistemalary milli önümçilige ornaşdyrmakdan ybaratdyr.
Saparyň dowamynda türkmen hünärmenleri birnäçe möhüm ugurlarda tejribe alyşýarlar:
- Garagalpagystanda: Ylmy-barlag irrigasiýa we suw meseleleri institutynyň şahamçasynda drenaž suwlaryny tebigy usulda arassalaýan bioplato ulgamlary hem-de gün panelleri bilen işleýän suw nasos stansiýalary bilen tanyşyldy.
- Biosenagat we bioenergetika: Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynda hlorella mikrosuwotularyny ösdürip ýetişdirmegiň laboratoriýa işleri we önümçilik şertleri öwrenilýär.
- Ylmy seminarlar: Daşkent şäherinde topragyň şorlaşmagyny azaltmak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalar we topragyň elektrik geçirijiligini bahalandyrmak boýunça ylmy seminarlar geçirilýär.
- Agro-fotoelektrik ulgamlary: Syrderýa welaýatyndaky fermer hojalyklarynda oba hojalygy bilen gün energiýasyny utgaşdyrýan döwrebap "Agro-fotoelektrik" ulgamlarynyň amaly ulanylyşy ylmy esasda öwrenilýär.
Programmanyň çäklerinde wekiller Aralýaka sebitiniň Halkara innowasiýa merkeziniň işi bilen tanyşar we intensiw bagbançylyk boýunça synag meýdançalaryna baryp görerler.
Bu halkara sapary türkmen alymlarynyň ýurdumyzda «ýaşyl ykdysadyýeti» ösdürmek, ylmy-innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekdäki ädimlerini has-da pugtalandyrýar. Özara tejribe alyşmak, sebitdäki ylmy hyzmatdaşlygyň täze sepgitlerini açmaga hem-de ekologik durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilen möhüm goşantdyr.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.