Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk täze ugurlar bilen baýlaşýar. Energetika, üstaşyr ulag, serhetýaka infrastrukturasyny ösdürmek we inžener-tehniki hyzmatlaryň eksporty iki ýurduň ykdysady gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň hataryna goşulýar.

MEHR habarlar agentliginiň maglumatlaryna görä, 2026-njy ýylyň hasabat döwrüniň dokuz aýynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky nebit däl söwdanyň möçberi 504 million dollara golaýlady. Haryt dolanyşygyndaky ýükleriň umumy möçberi bolsa 1,19 million tonna ýetdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende söwda dolanyşygynyň gymmatynyň 19,9 göterim artandygyny görkezýär.

Taraplar uzak möhletleýin döwürde iki ýurduň arasyndaky ýyllyk söwda dolanyşygyny 3 milliard dollara ýetirmek maksadyny hem öňde goýýarlar. Bu maksat Tähranda geçirilen hökümetara bilelikdäki toparyň 18-nji mejlisiniň dowamynda kabul edilen çözgütlerde öz beýanyny tapdy.

Energetika hyzmatdaşlygyň esasy ugry

2026-njy ýylda energetika Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde öňe çykdy. Baglaşylan şertnamalaryň çäklerinde Eýran demirgazyk welaýatlarynyň elektrik energiýasyna bolan islegini üpjün etmek maksady bilen Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrýar. Sebitleýin üpjünçilikler bilen bilelikde onuň möçberiniň 620–650 MW-a ýetmegi göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem degişli edaralar «Mary–Maşat» elektrik geçiriji liniýasynyň Türkmenistanyň çägindäki bölegini gurmak, elektrik stansiýalaryna hyzmat etmek işlerine eýranly ýöriteleşdirilen kompaniýalary çekmek boýunça iş alyp barýarlar.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň tebigy gazyny Eýranyň çäginiň üsti bilen üçünji ýurtlara swap görnüşinde ibermek mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça işler dowam etdirilýär.

Tranzit mümkinçilikleri giňeldilýär

Türkmenistan bilen Eýranyň geografik ýerleşişi iki ýurduň üstaşyr ulag hyzmatdaşlygy üçin möhüm mümkinçilikleri döredýär. Eýran Türkmenistanyň Pars we Oman aýlaglarynyň portlaryna çykmagy üçin gysga ugurlaryň birini hödürleýär. Türkmenistan bolsa Eýran üçin Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň bazarlaryna çykýan möhüm üstaşyr ulag halkalarynyň biri bolup durýar.

Şu nukdaýnazardan Gazagystan–Türkmenistan–Eýran demir ýol geçelgesiniň mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanmak we Golestan welaýatyndaky Inçe-Burun serhet geçelgesiniň işjeňligini artdyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär.

Şeýle hem serhetýaka bilelikdäki söwda zolagyny döretmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu taslamanyň serhetýaka ammar we terminal infrastrukturasyna täze maýa goýumlaryny çekmäge, şeýle-de iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge mümkinçilik bermegine garaşylýar.