Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de der­ýa­la­ryň ulu­ly-ki­çi­li müň­ler­çe­si bar. Iň uzyn der­ýa Nil der­ýa­sy bo­lup, iň bol suw­lu­sy Ama­zon­ka ha­sap­lan­ýar. Alym­lar ýa­kyn­da hä­zir­ki wagt­da Ýer ýü­zün­de bar bo­lan der­ýa­la­ryň ara­syn­da iň ga­dy­my­sy­nyň Awst­ra­li­ýa­da­ky Fin­ke der­ýa­sy­dy­gy­ny anyk­la­dy­lar. Bu der­ýa­nyň ýa­şy 300 – 400 mil­li­on ýyl tö­we­re­gi diý­lip çak edil­ýär.

Dag çeş­me­si­niň ge­lip go­şul­ma­gy bi­len jo­şup ak­ýan ga­dy­my der­ýa bir­nä­çe ha­na­dan yba­rat. De­mir­ga­zyk we Gü­nor­ta Awst­ra­li­ýa­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän Fin­keniň uzynl­ygy 640 ki­lo­met­re ba­ra­bar. Gu­rak­çy­lyk se­bäp­li bu der­ýa ýy­lyň köp bö­le­gin­de bi­ri-bi­rin­den üz­ňe suw how­dan­la­ry­na öw­rü­lip, ýy­gy-ýy­gy­dan gu­rap gal­ýar. Alym­lar geo­lo­gik mag­lu­mat­la­ra esas­la­nyp, der­ýa­nyň tö­we­re­gin­dä­ki çö­kün­di gat­lak­lar­da­ky we dag jyns­la­ryn­da­ky ra­dio­nuk­lid­le­riň muk­da­ry­ny sel­jer­di­ler. Ne­ti­je­de, der­ýa­nyň De­won (419-359 mil­li­on ýyl ozal) ýa-da Daş­kö­mür (359-299 mil­li­on ýyl ozal) döw­rün­de dö­rän­di­gi­ anyk­la­nyl­dy. Fin­ke der­ýa­sy Mak­Don­nell dag ge­riş­le­rin­den göz­ba­ş alyp, aýa­gy Simp­son çö­lün­de gu­tar­ýar.

Derýanyň uzak ýyllaryň dowamynda akyp durmagy sebitiň tektonik durnuklylygy we doňaklygyň bolmazlygy bilen düşündirilýär. Awstraliýadaky Finke platosy örän uzak wagtlap diýen ýaly üýtgewsiz galypdyr. Ol ýerde 100 million ýylyň dowamynda düýpli tektonik işjeňlik bolmandyr. Bu bolsa derýanyň uzak taryhy başdan geçirmegine we giňelmegine mümkinçilik beripdir.