Häzirki zaman tehnologiýalarynyň we emeli añ ulgamlarynyň ösýän döwründe adamzat kitap okamak endiklerini hem üýtgetdi. Dünýä bazaryndaky barlaglara görä, soňky ýyllarda öz-özüni ösdürmek (self-development), psihologiýa we ylmy-populýar edebiýatlara isleg deňsiz-taýsyz ýokarlandy. Şeýle hem, ýaş nesil interaktiw we audio kitaplary saýlap alýar. Bu bolsa adamzat ruhy dünýäsiniň hem-de maglumat alşynyň täze basgançaga geçendigini görkezýär.