Dünýäniň meşhur aýdymçysy Şakira 18-nji oktýabrda Gyrgyzystanda ilkinji gezek konsert bilen çykyş eder. Bu barada Gyrgyzystanyň Prezidentiniň iş dolandyryjysy Kanybek Tumanbaýew habar berdi.
Kolumbiýaly aýdymçy özüniň dünýä boýunça konsertler tapgyrynyň çäklerinde Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherindäki «Bişkek Arena» stadionynda çykyş eder. Bu Şakiranyň Merkezi Aziýa sebitindäki ilkinji konserti bolar.
Şakiranyň Gyrgyzystandaky konsertine petekleriň satuwy 1-nji oktýabrda başlandy. Petekleriň bahasy tomaşaçylaryň saýlaýan orunlaryna görä, 12 müňden 40 müň som aralygynda bolar.
Şakiranyň Merkezi Aziýadaky ilkinji çykyşynyň sebitiň aýdym-saz muşdaklarynyň arasynda uly gyzyklanma döretmegine garaşylýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.