
2026-njy ýylyň ilkinji çärýeginde Ýewropa Bileleşiginiň awtomobil bazarynda möhüm üýtgeşmeler hasaba alyndy. Täze awtoulag satuwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4,2 göterim ýokarlanyp, 3,8 million birlikden geçdi. Bu ösüş, esasanam, ekologik taýdan arassa ulaglara bolan islegiň barha artýandygy bilen şertlendirilendir.
Häzirki wagtda Ýewropa bazarynda energetiki geçiş prosesi açyk-aýdyň duýulýar. Elektroulaglar we gibrid görnüşli ulaglar bazarda öz ornuny berkidýän mahaly, benzin we dizel ýangyjy bilen işleýän adaty ulaglaryň satuwy 16-17 göterim töweregi aşaklady. Aprel aýynyň jemlerine görä, Ýewropada satylan her bäşinji ulagyň elektroulag bolmagy, bazar meýilleriniň üýtgeýändiginiň subutnamasydyr.
Elektroulaglara bolan bu geçiş, Hytaýyň awtokonsernleri üçin uly mümkinçilikleri açdy. Bäsdeşlikde uly artykmaçlyk gazanan Hytaý kompaniýalary Ýewropadaky bazar paýyny iki essä çenli artdyryp, 6 göterime, goňşy ýurtlar bilen bilelikde bolsa 7,3 göterime ýetirdiler.
Ýewropanyň «Volkswagen» (26,7%) we «Stellantis» (17,1%) ýaly iri awtoulag öndürijileri häzirki wagtda öňdeligini saklap galýarlar. Şeýle-de bolsa, BYD, «Chery» we «Leapmotor» ýaly Hytaýyň brendleri görkezen ýokary ösüş depgini bilen bazaryň täze oýunçylary hökmünde ynamly öňe barýarlar.
Ýewropa bazarynda adaty ýangyçly ulaglaryň hökmürowanlyk edýän döwri kem-kemden yzda galýar. Häzirki wagtda bazaryň geljegine, esasan, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň täze nesil elektroulaglary we gibrid tehnologiýalary kesgitleýär.
Keywords