Aşgabatda geçirilýän «Türkmentel — 2026» we ITTC 2026 halkara sergilerinde Hytaýyň hem-de Günorta Koreýanyň awtoulag senagatynyň täze önümleri tanyşdyrylýar. Bu barada «News Central Asia» neşiri habar berýär.
Serginiň myhmanlaryna «Hyundai» we «Geely» kysymly ýeňil awtoulaglaryň täze modelleri, şeýle-de «Foton» kysymly ýük ulaglary we beýleki tehnikalar görkezilýär.
Sergä gelenler görkezilýän awtoulaglar bilen ýakyndan tanşyp, olaryň salonlaryna syn edip we sürüjiniň oturgyjynda oturyp görüp bilýärler.
Mundan başga-da, halkara sergileriň çäklerinde ulag, aragatnaşyk we sanly tehnologiýalar ulgamlarynda ulanylýan täze çözgütler hem tanyşdyrylýar.










Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.