Niderlandlaryň kazyýeti Hytaýyň BYD kompaniýasy tarapyndan öndürilen Ti 7 krossoweriniň Ýewropa Bileleşiginde önümçiligine başlamagy, import edilmegi we satuwa çykarylmagy babatda deslapky gadaganlyk girizdi. Muňa «Jaguar Land Rover» (JLR) kompaniýasynyň hytaý awtoulagynyň daşky görnüşi «Land Rover Defender» modeliniň dizaýn hukuklaryny bozýar diýen talap bilen kazyýete ýüz tutmagy sebäp boldy. Bu barada «Carnewschina» neşiri habar berýär.
2026-njy ýylyň tomsunda BYD kompaniýasy Beýik Britaniýada Ti 7 modeline öňünden sargytlary kabul edip başlady. «Top Gear» neşiri bolsa bu krossoweri «Defender-iň hytaý nusgasy» diýip häsiýetlendirdi. Şondan soň JLR kompaniýasy hytaý öndürijisiniň awtoulagda ulanylan käbir tehnologiýalary ters inženerçilik usuly arkaly özleşdiren bolmagynyň mümkindigini öňe sürdi. Bu ýagdaý bilen baglylykda, Niderlandlardaky BYD edaralarynda gözleg işleri geçirilip, käbir resminamalar ele salyndy.
Noýabr aýynyň ortalarynda kazyýet ele salnan resminamalaryň JLR kompaniýasynyň öz talaplaryny esaslandyrmagy üçin zerur däldigi barada karara geldi. Munuň sebäpleriniň biri hökmünde Ti 7 modeliniň Ýewropa Bileleşiginde satuwa çykarylmandygy görkezildi.
«Carnewschina» neşiriniň maglumatyna görä, kazyýet BYD kompaniýasynyň on sany golçur kärhanasyna bu krossoweri Ýewropa Bileleşiginiň çäginde öndürmegi, import etmegi we satmagy gadagan etdi. Kazyýetiň pikirine görä, awtoulagyň daşky dizaýny Ýewropa Bileleşiginde hasaba alnan «Defender Type L663» modeliniň daşky görnüşine degişli alty dizaýnyň biriniň hukuklaryny bozýar. Gadaganlyk kazyýetiň karary gowşurylandan bir hepde soň güýje girýär. «Reuters» agentliginiň bellemegine görä, bu kazyýetiň ygtyýarlygy BYD kompaniýasynyň Beýik Britaniýadaky şahamçasyna degişli däldir.
BYD kompaniýasy Ti 7 modeliniň özbaşdak işlenip taýýarlanandygyny mälim edip, kazyýetiň kararyna şikaýat etmegi meýilleşdirýändigini bildirdi. JLR kompaniýasy bolsa öz intellektual eýeçilik hukuklaryny goraýandygyny beýan etdi we goşmaça düşündiriş bermekden saklandy.
«Carnewschina» neşiriniň habar bermegine görä, JLR kompaniýasy alty aýyň dowamynda işiň düýp mazmuny boýunça kazyýet seljermesiniň başlanmagyny gazanmaly. Ýogsam, deslapky gadaganlyk öz güýjüni ýitirip biler.
Belläp geçsek, BYD kompaniýasy bu modeli Hytaýda 2025-nji ýylyň güýzünde «Fangchengbao Tai 7» ady bilen tanyşdyrypdy.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.