Eýranyň günortasyndaky Fars welaýatynda iri tebigy gaz ýatagy tapyldy. Ýurda geljekde onlarça milliard dollar möçberinde girdeji getirip biljek täze ýatak baradaky maglumatlary Eýranyň nebit ministri Mohsen Paknejad mälim etdi.
Täze gaz ýatagy Fars welaýatynyň günortasyndaky Tahta sebitinde ýerleşýär. Ministriň aýtmagyna görä, ýatakdaky tebigy gazyň düzüminde kükürdiň az bolmagy onuň özleşdirilmegi we önümçilige girizilmegi üçin zerur çykdajylaryň pes bolmagyna mümkinçilik berýär.
Deslapky hasaplamalara görä, Tahta ýatagynyň tebigy gaz gorlary 212 milliard kub metr möçberinde bahalandyrylýar. Şol gorlaryň takmynan 161 milliard kub metrini çykarmagyň mümkin boljakdygy çaklanylýar.
Mohsen Paknejadyň bellemegine görä, çykarylyp bilinjek gazyň möçberi Eýranyň iri gaz känleriniň biri bolan Günorta Pars ýatagynyň bir fazasynda takmynan 15 ýylyň dowamynda öndürilýän gazyň möçberine deňdir.
Täze ýatak diňe bir tebigy gaz gorlary bilen çäklenmeýär. Onuň çäginde uly möçberde gaz kondensatynyň hem bardygy anyklanyldy.
Eýranyň nebit ministriniň sözlerine görä, ýatakdan alynmagy mümkin bolan gaz kondensatynyň bazar bahasy onlarça milliard dollar bilen ölçenilýär.
Täze ýatagyň tapylmagy Eýranyň energiýa pudagy üçin möhüm ähmiýete eýe bolup, ýurduň tebigy gaz gorlaryny artdyrmaga we geljekde energiýa serişdelerinden alynýan girdejileri ýokarlandyrmaga mümkinçilik döredip biler.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.