
Gyşyň soňky gününde Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) futbol düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgetmeleri girizdi. Bu düzgünler klublar derejesinde 2026/2027-nji ýyllaryň möwsüminden güýje girer, milli ýygyndylar bolsa olary dünýä çempionatynda ulanarlar.
IFAB oýnuň bilgeşleýin saklanmagyna garşy göreşmek kararyna geldi
Täze girizilen üç düzgüniň biri ýeňlip gelýän toparlaryň gaharyny getirýän wagt ýitirilmegi meselesine degişlidir. Indi oýunçy çalşylýan wagty, meýdançadan çykýan futbolçy 10 sekundyň içinde meýdançany terk etmäge borçludyr. Tersine bolan ýagdaýynda, ätiýaçdaky oýunçynyň meýdança girmegine rugsat berilmez we oýunçy çalşygy geçirýän topar indiki gezek oýun saklanýanýança ýa-da bir minudyň dowamynda meýdançada on adam bolup oýnamaly bolar. Öň hem oýunçy çalşygy wagtynda wagt ýitirilmesiniň öňüni almak üçin çäreler görlüpdi. Mysal üçin, oýunçylara meýdançanyň islendik ýerinden çykmaga rugsat berlipdi, emma hasapda öňde barýan toparlaryň oýunçylary meýdançadan çykmagyň başga-da dürli usullaryny tapýardylar.
Şeýle-de, iýun aýyndan başlap, pökgi oklanylanda (aut) we derwezeden urgy urlanda wagtyň hasaby ýörediler. Haçan-da emin wagtyň bilgeşleýin çekilýändigini görse, bäş sekuntlyk wizuwal (görünýän) yza sanaw başlar. Eger şol wagt aralygynda pökgi oýna girizilmese:
Pökgi oklamakda (aut) bökdençlik döredilse, topy oýna girizmek hukugy garşydaş topara berler;
Derwezeden urgy urmakda bökdençlik döredilse, garşydaş toparyň peýdasyna burçdan urgy bellener.
VAR ikinji sary kartlary barlap biler
VAR protokolynda hem üýtgeşmeler boldy. Birinjiden, wideogözegçilik ulgamynyň oýnuň gidişine täsir edýän diňe dört sany epizod bilen çäklendirilmegi meýilleşdirilýär.
Eger anyk subutnamalar bar bolsa, indi aç-açan ýalňyş berlen ikinji sary kartdan soň görkezilen gyzyl karta degişli ýagdaýlary barlamaga rugsat berilýär. Bellemeli zat, bu täzelik VAR ulgamy girizilen gününden bäri zerur ýaly bolup görünýärdi.
Mundan başga-da, eger oýnuň täzeden başlanmagyna bökdençlik döretmejek bolsa, ýalňyş bellenen burç urgularyny barlamak üçin wideogaýtalamalardan peýdalanmaga rugsat berler. Mysal üçin, köp sanly kameralar we tehnologiýalar bilen üpjün ediljek 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda eminleriň beýle pursatlara çalt baha bermäge mümkinçiligi bolar.
«Wengeriň ofsaýdy» boýunça synaglar
«Arsenalyň» öňki baş tälimçisi we häzirki wagtda FIFA-nyň global futboly ösdürmek bölüminiň ýolbaşçysy Arsen Wenger täze teklip bilen çykyş edipdi. Onuň teklibine görä, eger oýunçynyň gol urup biljek islendik bir beden agzasy iň soňky goragçy bilen bir çyzykda ýa-da ondan yzda bolsa (bedeniň beýleki agzalary çyzykdan öňe saýlansa-da) ofsaýd hasaplanmaz. «Oýundan daşary ýagdaý» diňe hüjümçi bütin bedeni bilen garşydaşyň derweze çyzygyna pökgüden we garşydaşyň iň soňky oýunçysyndan has ýakyn bolan ýagdaýynda hasaba alnar.
«BBC-niň» habar bermegine görä, Kanadanyň Premýer-ligasy bu teklibi synagdan geçirmek meselesini öňe sürdi. Kanadadaky synaglaryň netijeleri ýylyň ahyrynda IFAB-a hödürlener.
Bu düzgünleriň 2027/28-nji ýyllaryň Ýewropa möwsümine çenli bütin dünýäde güýje girmegi ähtimal. Emma IFAB-yň, aýratyn-da Kanadanyň ligasynda VAR-yň ýokdugyny göz öňünde tutup, has giň gerimli synaglary talap etmegine garaşylýar.
Keywords