
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýa we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna amala aşyrýan saparynyň çäklerinde ýekşenbe güni Patyşa Karl III bilen duşuşdy. Windzor galasynda geçirilen bu taryhy duşuşyk iki ýurduň arasyndaky ýokary derejeli dostlukly gatnaşyklaryň nobatdaky subutnamasy boldy.
«Watan» habarlar gepleşiginiň berýän maglumatyna görä, belent mertebeli myhmanlaryň hatarynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem gatnaşdy.
Patyşa Karl III Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny aýratyn uly hormat-sarpa bilen garşylady hem-de dünýäde uly abraý gazanan meşhur syýasatçy, Arkadag hökmünde tanalýan Lider bilen duşuşmagyň özi üçin belent mertebedigini aýratyn nygtady.
Munarh 2015-nji ýylda Türkiýäniň Çanakkale ýadygärlikler toplumynda geçirilen dabaralaryň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz bilen bolan ilkinji duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlady we şol pursatlaryň özünde ýatdan çykmajak täsirler galdyrandygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy görkezilen myhmanperwerlik we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Patyşa Karl III-e Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň iberen mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Öz gezeginde Beýik Britaniýanyň Patyşasy hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylda Beýik Britaniýanyň paýtagtyna amala aşyran resmi saparyny hemişe ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belep geçdi.
Atçylyk medeniýeti barada söz açylanda, Patyşa Karl III türkmen ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyna uly gadyr goýýandygyny mälim etdi. Ol iki döwletiň arasynda hut şu ajaýyp gymmatlyklaryň üsti bilen hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.
Şeýle hem britan monarhy indiki ýyl Beýik Britaniýada guraljak halkara atçylyk sport çärelerinde türkmen ahalteke bedewleriniň belent başly çykyşlaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklaryny aýtdy.
Londona guralan saparyň taryhy ähmiyetli pursatlary munuň bilen çäklenmedi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň patyşalyk maşgalasynyň görnükli wekilleriniň biri — Edinburgyň gersogy şazada Eduard bilen hem duşuşyk geçirip, özara hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.
Saparyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Patyşa Karl III-ä we Edinburg gersogyna ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdy hem-de britan korollyk maşgalasynyň agzalaryny Türkmenistana resmi sapara çagyrdy.
Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistan öz Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny belleýär we bu sene mynasybetli ýurtda giň gerimli baýramçylyk dabaralary, şol sanda atçylyk sport bäsleşikleri meýilleşdirilýär. Windzorda bellenilişi ýaly, bu çakylyk britan tarapyndan uly hoşallyk bilen kabul edildi. Resmi ugratmak dabarasyndan soň, Türkmenistanyň wekiliýetiniň uçary Aşgabat şäherine ugrady.
Keywords