
Repetek biosfera döwlet tebigy goraghanasynda ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmaga we sähranyň biodürlüligini gorap saklamaga bagyşlanan “Garagum sährasy – gözellikler mekany” atly amaly okuw maslahaty geçirildi.
Bu çäre Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň, welaýat çagalar kitaphanasynyň, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Repetek goraghanasynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda guraldy.
Maslahatda Garagum sährasynyň, aýratyn hem ýurdumyzda ilkinji döredilen goraghanalaryň biri bolan Repetegiň ekoulgamy barada giňişleýin maglumatlar berildi. Sähranyň biologik aýratynlyklary barada şulary bellemek bolar:
Maslahata gatnaşyjylar goraghananyň muzeýindäki gymmatly eksponatlar we sähranyň ajaýyp pursatlaryny suratlandyrýan fotosergiler bilen tanyşdylar. Mugallym Gözel Kulyýewanyň, Merdan Jumaýewiň, Maýsa Berdiýewanyň we Nartäç Gurbanowanyň çykyşlarynda bahar paslynda tebigaty goramak boýunça alynyp barylýan işleriň ähmiýeti nygtaldy.
“Sazaklar diňe bir sähranyň bezegi däl, eýsem olar demir ýollary we gara ýollary çäge basmakdan goraýan tebigy usuldyr.”
“Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – at myradyň mekany” ýylynyň çäklerinde geçirilen bu çäräniň esasy maksady — ýaş nesillere ene tebigatymyzy söýmegi, Garagum sährasynyň özboluşly gözelliklerini we ekologik ähmiýetini düşündirmekden ybarat boldy.
Maslahatyň ahyrynda gatnaşyjylar ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler üçin döwlet Baştutanymyza öz minnetdarlyklaryny bildirdiler.
Keywords