Gazagystanyň Milli banky milli nagyşlar we hakyk daşy bilen bezelen «Aqyq» atly täze kümüş şaýy dolanyşyga girizdi. Ol pul hökmünde peýdalanmak bilen birlikde, boýna dakylýan şaý-sep hökmünde hem ulanmaga niýetlenendir. Bu barada «TASS» agentligine salgylanýan MilliInfo habar berýär.
Täze şaýyň dizaýnynda onuň iki görnüşde ulanylmagy göz öňünde tutulypdyr. Şonuň üçin şaýyň ýokarky böleginde zynjyr ýa-da ýüp geçirmek üçin ýörite deşik goýlupdyr.
«Aqyq» ady gazak dilindäki «ақық» sözünden gelip çykýar. Bu söz şaý-sep ýasamakda ulanylýan halsedon toparyna degişli minerallary, şol sanda hakyk daşyny aňladýar.
Şaý Gazagystanyň zikgehanasynda 925-nji belgili kümüşden taýýarlanypdyr. Onuň agramy 20 gram, diametri 3,3 santimetr bolup, milli nagyşlar we hakyk daşy bilen bezelipdir. Önümiň çykarylyş möçberi 5 müň nusga bilen çäklendirilendir.
«Aqyq» şaýynyň nominal bahasy 1 000 gazak teňňesine deň bolup, bu takmynan 2 ABŞ dollaryna barabardyr. Gazagystanyň Milli bankynyň bellemegine görä, şaýyň kolleksiýa we bezeg ähmiýeti bolmagyna garamazdan, ol resmi töleg serişdesi bolup durýar. Şoňa görä-de, ýurduň ähli çäginde dürli görnüşli hasaplaşyklarda nominal bahasy boýunça kabul edilmelidir.
Täze şaýyň satuwynyň 27-nji oktýabrda Gazagystanyň Milli bankynyň resmi internet-dükanynda başlanmagyna garaşylýar.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.