Gruziýa Merkezi Aziýa döwletleri bilen gatnaşyklaryny syýasy we ykdysady ugurlarda has-da ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Bu barada Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidze hökümet mejlisinde eden çykyşynda belledi.

Onuň aýtmagyna görä, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk Gruziýanyň daşary syýasatynda möhüm orun eýeleýär. Gruziýa Merkezi Aziýa döwletlerini Gara deňziň üsti bilen Günbatar giňişligi bilen baglanyşdyrýan möhüm ulag-logistika merkezleriniň biri hökmünde çykyş edýär.

«Gruziýanyň baglanyşdyryjy wezipesini ösdürmekde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklarymyza aýratyn ähmiýet berýäris» diýip, premýer-ministr belledi. Ol geljekde hökümetiň Merkezi Aziýa döwletleri bilen syýasy hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmak üçin tagallalary dowam etdirjekdigini aýtdy.

Irakli Kobahidze 2026-njy ýylda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen geçirilen ýokary derejeli duşuşyklara hem ünsi çekdi. Iýun aýynda onuň Gazagystana bolan resmi saparynyň dowamynda iki ýurduň arasynda strategik hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Şeýle hem Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Tbilisä bolan saparynyň çäklerinde Gruziýa bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklar strategik derejä çykaryldy.

Gruziýanyň hökümet başlygy iýun aýynda Gyrgyzystana we Täjigistana amala aşyran resmi saparlaryny hem ýatlatdy. Saparlaryň dowamynda birnäçe ikitaraplaýyn ylalaşyklara gol çekildi.

Merkezi Aziýa bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklarda Türkmenistan hem möhüm orun eýeleýär. Iýul aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa bolan resmi saparynyň çäklerinde Aşgabat bilen Tbilisiniň arasynda dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen birnäçe ylalaşyga gol çekildi.

Taraplaryň häzirki gatnaşyklary ulag-logistika, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk we sebitara arabaglanyşygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Gruziýanyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak baradaky meýilleri hem bu ugurdaky gatnaşyklary geljekde has-da işjeňleşdirmegi maksat edinýändigini görkezýär.