Gyrgyzystanda dolandyryş-çäk ulgamyny özgertmegiň ikinji tapgyrynyň çäklerinde oblastlary we raýonlary ýatyryp, olaryň ýerine 20 aýmak (okrug) döretmek meýilleşdirilýär. Bu barada ýurduň Ýerli öz-özüňi dolandyryş işleri boýunça döwlet agentliginiň direktory Elçibek Žantaýew habar berdi.
«Kabar.kg» agentliginiň maglumatyna görä, özgertmeleriň netijesinde ýurduň dolandyryş gurluşynda düýpli üýtgeşmeler bolup, aýmaklaryň sany 20-den geçer diýlip garaşylýar.
Gyrgyzystanda dolandyryş-çäk özgertmelerine 2023-nji ýylda badalga berildi. Birinji tapgyrda käbir raýonlaryň serhetleri üýtgedildi we birnäçe ilatly ýer şäherleriň düzümine goşuldy.
Häzirki wagtda ýurtda 40-dan gowrak raýon, 7 oblast we 33 şäher bar. Meýilleşdirilýän özgertmeler ýerli dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.