Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy Sülgün Myratgeldiýewanyň habar bermegine görä, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen daşary ýurtlaryň bilim edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde uniwersitetiň talyplarynyň Italiýa Respublikasynyň Florensiýa şäherinde tomusky okuw tejribeligini geçendigini bellemek bolar.

«Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alyp, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kent döwlet uniwersitetiniň Italiýadaky şahamçasynyň çakylygy esasynda guralan bu sapar ýokary netijeleri berdi.

Iki tapgyrda dowam eden saparyň çäklerinde uniwersitetiň halkara hukugy we halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyplary üçin Kent döwlet uniwersitetiniň professory tarapyndan iňlis dilinde häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň taryhyna we häzirki ýagdaýyna bagyşlanan ýörite okuw sapaklary guraldy.