
2026-njy ýylyň 14-nji aprelinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde, BMG-niň ştab-kwartirasynda ECOSOC Ýaşlar forumy dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu halkara çärä Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň müdiri Gülnabat Gurdowa we Ýaşlar syýasaty bölüminiň müdiri Wepa Gutlyýew wekilçilik edýärler.
Şu ýylky forum “Innowasiýa, birleşmek we özgertmek: ýaşlaryň 2030-njy ýyla barýan ýoly kemala gelýär” diýen şygar astynda geçirilýär. Onuň baş maksady — durnukly ösüş boýunça 2030-njy ýylyň Gün tertibini ilerletmekde ýaşlaryň, agza döwletleriň we halkara düzümleriň tagallalaryny birleşdirmekden ybaratdyr.
Forumyň açylyşynda dünýä derejesindäki syýasatçylar, şol sanda BMG-niň ECOSOC başlygy jenap Lok Bahadur Thapa, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň başlygy hanym Annalena Berbok we BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Amina Mohammed çykyş etdiler. Olar öz sözlerinde ýaşlaryň diňe bir geljek däl, eýsem şu günüň özgertmeleriniň hem esasy güýjidigini nygtadylar.
Forumyň ilkinji güni ýaşlar üçin inklýuziw we durnukly çözgütleri kemala getirmäge gönükdirildi. Şunda aşakdaky möhüm ugurlara aýratyn üns berildi:
Maslahatlaşmalaryň dowamynda dünýäniň dürli künjeklerinden gelen ýaş liderler öz tejribelerini paýlaşdylar. Olar tarapyndan öňe sürülýän innowasiýalaryň durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ösüşi çaltlandyrjakdygy bellenildi. Esasanam, ýaşlaryň ählumumy karar kabul ediş işlerine gatnaşmagynyň we howa özgermeleri ýaly meselelerde netijeli çemeleşmeleri hödürlemeginiň zerurdygy aýdyldy.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň bu abraýly forumda işjeň gatnaşmagy ýurdumyzda ýaşlar syýasatyna berilýän uly ünsüň we halkara durnukly ösüş maksatlaryna ygrarlylygyň nobatdaky subutnamasydyr. Forum ýaşlar syýasaty boýunça täze garaýyşlary alyşmak we hyzmatdaşlygy berkitmek üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär.
Keywords