
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti bilim ulgamlarynyň birnäçe ugry boýunça bakalawr maksatnamasy esasynda okuwa kabul ediş möwsüminiň başlanandygyny yglan edýär.
Okuw şertleri we bilim ugurlary
Uniwersitetde okuwlar türkmen we iňlis dillerinde, tölegli esasda alnyp barylýar. Okuwyň umumy dowamlylygy 5 ýyl bolup, onuň birinji ýyly dil taýýarlygyna, galan 4 ýyly bolsa bakalawr maksatnamasy boýunça hünär öwrenmäge gönükdirilendir.
Bilim ulgamynyň esasy ugurlary:
Resminamalary kabul etmek
Resmi iş kagyzlary 2026-njy ýylyň 13 — 26-njy iýuly aralygynda welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde kabul edilýär. Dalaşgärler rektoryň adyna arza, sowalnama, bilimi baradaky resminamanyň asyl nusgasy, saglyk kepilnamasy, häsiýetnama, fotosuratlar, zähmet depderçesiniň göçürmesi (işleýänler üçin), pasportyň we harby şahadatnamanyň nusgalaryny tabşyrmalydyrlar.
Giriş synaglarynyň tertibi
Giriş synaglary 2026-njy ýylyň 29-njy iýulyndan 5-nji awgusty aralygynda Aşgabat şäherinde test görnüşinde geçiriler. Synaglar saýlanan ugura baglylykda taryh, iňlis dili, matematika, fizika, himiýa, biologiýa ýa-da ykdysadyýetiň esaslary ýaly dersleri öz içine alýar. Şeýle-de, ähli dalaşgärler üçin akyl ýetirme (zehin) soraglary barlanar.
Synagdan üstünlikli geçen dalaşgärler iňlis dilini biliş derejesini barlamak üçin goşmaça test tabşyrýarlar. Iňlis dilini erkin bilýänler göni 1-nji okuw ýylyna, beýlekiler bolsa bir ýyllyk dil taýýarlygyna kabul edilýärler.
Habarlaşmak üçin: Salgy: Aşgabat şäheri, Görogly köçesi, 185. Telefon belgisi: 39-49-59.
Keywords