Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti halkara gatnaşyklary, ykdysadyýet, hukuk we IT tehnologiýalary ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak üçin 2026/2027-nji okuw ýylyna okuwa kabul ediş möwsüminiň başlanandygyny yglan edýär.

Okuw şertleri we ugurlar

Uniwersitetde okuwlar iňlis dilinde we tölegli esasda alnyp barylýar.

  • Hukuk, syýasat we jemgyýet: Halkara hukugy, halkara gatnaşyklary, sosiologiýa, filosofiýa we žurnalistika.
  • Ykdysadyýet we dolandyryş: Halkara ykdysadyýet, menejment, maliýe, ätiýaçlandyryş we halkara täjirçilik.
  • IT we tehnologiýa: Kompýuter tehnologiýasy, programma üpjünçiligi hem-de maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalary.

Resminamalary kabul etmek

Resmi iş kagyzlary 2026-njy ýylyň 13 — 26-njy iýuly aralygynda welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde kabul edilýär. Dalaşgärler rektoryň adyna arza, sowalnama, bilimi baradaky resminamanyň asyl nusgasy, saglyk kepilnamasy, häsiýetnama, fotosuratlar, zähmet depderçesiniň göçürmesi (işleýänler üçin), pasportyň we harby şahadatnamanyň nusgalaryny tabşyrmalydyrlar.

Giriş synaglarynyň tertibi

Giriş synaglary Aşgabat şäherinde geçiriler. Dalaşgärler welaýatlar boýunça bellenilen möhletlerde synaglara gatnaşmalydyrlar:

  • Aşgabat we Arkadag şäherleri: 29-njy iýul — 1-nji awgust;
  • Lebap welaýaty: 2-4-nji awgust;
  • Balkan welaýaty: 5-7-nji awgust;
  • Daşoguz welaýaty: 8-10-njy awgust;
  • Mary welaýaty: 11-13-nji awgust;
  • Ahal welaýaty: 14-16-njy awgust.

Synaglar iňlis dili, taryh, jemgyýeti öwreniş, matematika ýa-da türkmen dili we edebiýaty dersleri boýunça döwlet ýa-da iňlis dilinde dilden geçirilýär. Synagdan üstünlikli geçen dalaşgärler iňlis dilini biliş derejesini barlamak üçin goşmaça test tabşyrýarlar. Iňlis dilini erkin bilýänler göni 1-nji okuw ýylyna, beýlekiler bolsa bir ýyllyk dil taýýarlygyna kabul edilýärler.

Habarlaşmak üçin: Salgy: Aşgabat şäheri, Andalyp köçesi, 169. Telefon belgileri: 39-85-62, 39-85-25.