
Reuters habarlar gullugynyň maglumatyna görä, aradan çykan çagalar "Coldrif" atly üsgülewük siropyny içen eken. Bu derman ýerli Sresan Pharmaceutical Manufacturer kompaniýasy tarapyndan öndürilipdir.
Barlaglaryň netijesinde siropyň düzüminde toksinli diethylene glycol maddasynyň bardygy ýüze çykaryldy. Bu himiki madda saglyk üçin örän howply bolup, onuň mukdary rugsat berlen derejesinden 500 esse ýokary çykypdyr.
2-nji oktýabrda degişli barlaglardan soň, bu siropyň satylmagy resmi taýdan gadagan edildi. Sirop çagalaryň ýiti böwrek ýetmezçiligi (njepeslik) ýagdaýyna duçar bolmagyna sebäp bolupdyr.
Şeýle-de, şol bir zäherli maddanyň Respifresh we RELIFE atly beýleki iki siropda hem bardygy anyklanyldy. Hindistanyň saglyk häkimiýetleri ilaty bu dermanlary ulanmazlyga çagyrdy.
Diethylene glycol näme?
Diethylene glycol — reňksiz, ysly däl we tagamy süýji bolan suwuklyk bolup, esasan senagat maksatly ulanýar. Bu madda adam saglygy üçin gaty howplydyr we zäherlenmä sebäp bolýar. Zäherlenme netijesinde:
Bu madda bilen zäherlenmegiň alamatlary köplenç derrew ýüze çykmaýar. Adamlar özlerini gowy duýýan ýaly bolup, organizme ýetirilen zyýana giç ünüs berýäler. Şonuň üçin köplenç kömek giç ýetýär.
BMG-nyň (WHO) duýduryşy
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (WHO) bu wakadan soň çykyş edip, Hindistanyň içerki bazarynda satylýan syruplaryň hiline gözegçilik ulgamy bilen baglanyşykly “kanunçylyk boşlugynyň” bardygyny aýtdy.
Gurama tarapyndan bellenilişine görä, bu zäherli syruplaryň resmi taýdan daşary ýurtlara eksport edilendigi barada maglumat ýok. Ýöne bikanun ýa-da rugsatsyz satylma mümkinçiliginiň hem ýok edilmeýändigi duýduryldy.
Keywords