
2026-njy ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda (HGI) möhüm ähmiýetli çäre — “Raýat goranyşy we adatdan daşary ýagdaýlarda hereket etmäge taýýarlyk” atly wagyz-nesihat duşuşygy guraldy. Bu çärä Aşgabat şäher Raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň hünärmenleri, institutyň mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar.
Duşuşykda çykyş edenler ýurdumyzda sagdyn we kämil jemgyýeti kemala getirmek ugrunda döwlet derejesinde durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmelere aýratyn üns çekdiler. Esasy garaýyşlar aşakdaky ugurlara gönükdirildi:
Çäräniň dowamynda hünärmenler adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi dogry alyp barmagyň amaly düzgünlerini düşündirdiler. Köçelerde ýol hereketiniň düzgünlerini berk berjaý etmek, ýangyn howpsuzlygynyň öňüni almak we tehnogen häsiýetli hadysalar ýüze çykanda raýat goranyşy kadalaryna laýyklykda hereket etmek boýunça giňişleýin maslahatlar berildi.
Şeýle düşündiriş işleriniň yzygiderli geçirilmegi, talyp ýaşlaryň diňe bir ylymda däl, eýsem gündelik durmuşyň dürli ýagdaýlarynda hem sowatly we taýýarlykly bolmagyna ýardam edýär.
Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda gatnaşyjylar ýaşlara döwrebap bilim almaga we ylmyň çuňluklaryny öwrenmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin döwlet Baştutanymyza öz minnetdarlyklaryny we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Keywords