
Hytaýyň tehnologiýa ägirdi «Huawei» kompaniýasynyň ýarymgeçirijiler bölüminiň ýolbaşçysy He Tinbo çip önümçiliginde uly öwrülişik döretjek täze tehnologik üstünlik barada mälim etdi. Täze açyş mikroshemalarnyň (çipleriniň) göwrümini kiçeltmän, eýsem, olaryň gurluş ulgamyny (arhitekturasyny) üýtgetmek arkaly öndürijiligini düýbünden ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda dünýäniň çip önümçiliginde ulanylýan «Mur kanunyna» (Moore's Law) laýyklykda, mikroshemalarnyň kuwwaty elementleriň fiziki taýdan gysylmagy we kiçeldilmegi arkaly artdyrylýar. Emma häzirki tehnologiýada elementleriň fiziki göwrümini mundan artyk kiçeltmegiň çäklerine ýetildi.
«Huawei» kompaniýasy bu bökdençligi aradan aýyrmak üçin adaty geometrik kiçeltmäniň ýerine «Tao kanunyna» (Tao's Law) daýanmagy ýola goýýar. Bu usulda çipleriň fiziki ölçegi däl-de, wagt möçberi (wagtlaýyn masştablylyk) esas alynýar we maglumat signalynyň bökdençsiz, örän çalt geçmegi üpjün edilýär.
Bu täze innowasiýa «logiki epleme» (logical folding) usuly arkaly amala aşyrylýar. Onda çipiň gurluşy maglumat geçirijileriniň ýollaryny optimal ýagdaýa getirmek üçin birnäçe dykyz we ykjam gatlaklara bölünip ýerleşdirilýär. Netijede, signalyň ýoly gysgalýar we duran ýerinde bitirýän işiniň tizligi has-da artýar.
Kompaniýanyň ýolbaşçysy He Tinbonyň beren maglumatyna görä, bu innowasion ýörelge esasynda taýýarlanan we ýokary energiýa tygşytlylygyna eýe bolan ilkinji mobil çip — «Kirin 2026» eýýäm şu ýylyň ahyrynda dünýä bazaryna çykarylar we täze smartfonlarda ulanylyp başlanar.
Bu tehnologik böküş, global çip bäsleşiginde Hytaýyň önümçilik garaşsyzlygyny we tehnologik kuwwatyny has-da berkitmäge ýardam eder.
Keywords