«Huawei» kompaniýasy akylly sagatlarynyň täze nesli bolan «Watch GT 7 Pro» modelini resmi taýdan hödürledi. Täze enjamyň tehniki aýratynlyklary öňki model bilen köp babatda meňzeş bolsa-da, öndüriji onuň dizaýnyna we programma üpjünçiligine birnäçe täzelik girizdi.

«Huawei Watch GT 7 Pro» titandan öndürilen korpus, sapfir aýnaly ekran we keramiki arka gapak bilen üpjün edildi. Täze modelde reňk görnüşleri hem täzelendi. Hususan-da, kümüş öwüşginli görnüş ýaşyl we sary reňkli elementler bilen hödürlenýär. Sagadyň kemeri hem gündelik ulanyşda has amatly bolmagy üçin täzeden işlenip düzüldi.

Enjamyň saglyk gözegçiligi üçin niýetlenen datçikleri ýürek urşuny, gandaky kislorodyň derejesini (SpO2) we deriniň temperaturasyny ölçemäge mümkinçilik berýär. Sagat şeýle hem 5ATM derejesinde suwa çydamlylyk goragyna eýedir.

Batareýanyň iş dowamlylygy hem enjamyň esasy aýratynlyklarynyň biri hökmünde görkezilýär. Öndürijiniň maglumatlaryna görä, energiýany tygşytlaýyş şertlerinde sagat 21 güne çenli, adaty ulanyşda takmynan 12 gün, ekranyň hemişe açyk ýagdaýynda bolsa 7 güne çenli işläp bilýär.

Täze model Bluetooth 6.0, GPS we NFC tehnologiýalaryny goldaýar. Şeýle hem onuň düzüminde gurlan mikrofon we dinamik bar.

«Huawei» sport bilen meşgullanýan ulanyjylar üçin hem birnäçe täzelik taýýarlady. Hususan-da, welosiped sürmek, golf we ylgaw üçin niýetlenen sport režimleri kämilleşdirildi. Täze funksiýalar türgenleşik wagtynda has giň statistiki maglumatlary almaga mümkinçilik berýär.

«Huawei Watch GT 7 Pro» eýýäm Hytaý bazarynda satuwa çykaryldy. Täze akylly sagadyň bahasy 2688 ýuana, ýagny takmynan 399 ABŞ dollaryna deňdir.