Hytaý «BeiDou» hemra nawigasiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça orbitadaky işleri üstünlikli tamamlandy. Geçirilen işler ulgamyň hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga we dünýäniň dürli künjeklerindäki ulanyjylar üçin nawigasiýanyň ygtybarlylygyny artdyrmaga gönükdirildi.
Hytaýyň Hemra nawigasiýa müdirliginiň maglumatlaryna görä, döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde ulgamda işleýän hemralaryň bir böleginiň tehniki mümkinçilikleri kämilleşdirildi. Şeýle hem «BeiDou» ulgamynyň umumy iş netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän çäreler geçirildi.
Häzirki wagtda «BeiDou» nawigasiýa ulgamynda 50 sany işjeň hemra bar. Ulgam dünýä derejesinde ýerleşişi takmynan 10 metre çenli ýalňyşlyk bilen kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Tizlik ölçeginiň takyklygy sekuntda 0,2 metre çenli ýetýär.
Mundan başga-da, ulgam koordinatalary kese ugurda 30 santimetre, dik ugurda bolsa 60 santimetre çenli takyklyk bilen kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Wagt kesgitlemegiň takyklygy 20 nanosekuntdan ýokary geçmeýär.
Hytaýyň degişli edaralary «BeiDou» ulgamynyň mümkinçiliklerini geljekde hem giňeltmegiň meýilleşdirilýändigini belleýärler. Täze nawigasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy ulgamyň hyzmatlarynyň ygtybarlylygyny we takyklygyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdiriler.
«BeiDou» häzirki wagtda diňe Hytaýyň çäginde däl, eýsem, dünýäniň dürli sebitlerinde ulanylýan möhüm hemra nawigasiýa ulgamlarynyň biri bolup durýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.