Hytaýda döredijiler tarapyndan magnit-rezonans tomografiýasyna (MRT) esaslanýan, beýni bilen kompýuteriň arasyndaky interfeýs (BCI) bilen işlemek üçin niýetlenen täze toplum tanyşdyryldy. Döredijiler uMR Shenguan atly ulgamy dünýäde MRT esasly ilkinji doly funksional toplum hökmünde häsiýetlendirýärler.

Ulgam beýniniň signallaryny hasaba almak we şifrini çözmek, neýromodulýasiýa arkaly beýnä täsir etmek hem-de şol täsiriň netijelerini bahalandyrmak mümkinçiliklerini bir bitewi tehnologiýa platformasynda birleşdirýär. Ony «Shanghai United Imaging Healthcare» kompaniýasy bilen Týanszin uniwersiteti bilelikde işläp taýýarlady.

Adaty çözgütlerden tapawutlylykda, uMR Shenguan diňe MRT enjamyny BCI ulgamy bilen birleşdirmek bilen çäklenmeýär. Ol beýniniň işjeňligini okaýan, alnan maglumatlary seljerýän, beýnä maksatly täsir edýän we soňra şol täsiriň netijesini ölçäp bilýän ýapyk tehnologik aýlawy emele getirýär.

Öndürijileriň maglumatlaryna görä, ulgam nerw işjeňliginiň signallaryny millisekunt derejesindäki wagt takyklygy bilen hasaba alyp, şol bir wagtyň özünde beýniniň gurluşyny millimetrden hem ýokary takyklykda şekillendirip bilýär. Bu bolsa beýnide örän çalt bolup geçýän üýtgeşmeleri yzarlamaga we işjeňligiň haýsy bölekde ýüze çykýandygyny kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

MRT enjamlarynda implantirlenýän gurluşlaryň döredip biljek magnit päsgelçiliklerini azaltmak üçin ýörite BCI gurallary hem işlenip taýýarlanyldy. Şeýle çemeleşme beýniniň şekillendirilmegini we neýromodulýasiýany bir wagtyň özünde amala aşyrmaga şert döredýär.

Täze platforma, ilkinji nobatda, neýroylmy barlaglary, BCI tehnologiýalaryny ösdürmegi we geljekde olaryň kliniki ulanylyşyny öwrenmek üçin niýetlenýär. Alymlar bir ulgamyň kömegi bilen beýniniň işjeňligine syn edip, maksatly täsir geçirip we onuň netijelerini ýene şol platformanyň üsti bilen bahalandyryp bilerler.

BCI tehnologiýalarynyň lukmançylykdaky ulanylyşynyň giňelmegi bilen täze ulgamyň hereket funksiýalaryny dikeltmek, neýrorehabilitasiýa, psihiatriýa, oftalmologiýa we audiologiýa ýaly ugurlarda ylmy barlaglar üçin ähmiýetiniň artmagyna garaşylýar.

Geljekde beýni bilen kompýuteriň arasyndaky interfeýsleriň ulanylyş çäginiň lukmançylyk bilen çäklenmän, bilim, sport, oýun industriýasy, ukynyň hilini öwrenmek we önümçilik howpsuzlygy ýaly ugurlara hem ýaýramagy mümkin.

uMR Shenguan-yň esasy aýratynlygy — beýniniň diňe signallaryny «okamak» däl-de, şol signallara gözegçilik etmek, beýnä täsir etmek we netijäni ölçemek işlerini bitewi ulgamda birleşdirmegidir.