Hytaýyň Şençžen şäherinde geçirilen Suw ykdysadyýeti sergisinde suwasty dünýäni synlamaga mümkinçilik berýän täze syýahat enjamy — batiskaf köpçülige görkezildi. Bu barada «iz.ru» neşirine salgylanyp, «Turkmenportal» habar berýär.

Täze enjam 200 metre çenli çuňluga aralaşmaga ukyplydyr. Aýna bilen üpjün edilen ýörite gurnamasy ýolagçylara suwasty dünýäni synlamaga we deňziň astyndaky gözellikleri ýakyndan görmäge mümkinçilik berýär.

Batiskafyň uzynlygy 3,7 metre, agramy bolsa takmynan 5 tonna deňdir. Enjam diňe bir tehniki täzelik hökmünde däl, eýsem syýahatçylyk pudagynda peýdalanylýan serişde hökmünde hem gyzyklanma döredýär. Habarda onuň eýýäm täjirçilik maksatlary üçin ulanylyp başlanandygy bellenilýär.

Şeýle enjamlaryň döredilmegi suwasty syýahatçylygy ösdürmäge we adamlara deňiz dünýäsini täze görnüşde öwrenmäge mümkinçilik berýär.