24-nji oktýabrda Azerbaýjanyň paýtagty Bakudaky «Baku Crystal Hall» toplumynda 15 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda ilkinji FIFA U-15 dünýä çempionatynyň we futbol festiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi. Halkara sport çäresine Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, birinji hanym Mehriban Aliýewa, olaryň maşgala agzalary hem-de Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino gatnaşdylar.
Dabara başlamazdan ozal Azerbaýjanyň döwlet Baştutany we onuň maşgalasy FIFA-nyň prezidenti hem-de beýleki myhmanlar bilen duşuşdylar. Duşuşygyň dowamynda Janni Infantino Ilham Aliýewe ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdy. Açylyş dabarasy Azerbaýjanyň Döwlet gimniniň ýerine ýetirilmegi bilen başlandy. Soňra dünýä çempionatyna we futbol festiwalyna bagyşlanan wideorolik görkezildi.
Çäräniň açylyşynda Azerbaýjanyň Premýer-ministriniň orunbasary, guramaçylyk komitetiniň başlygy Samir Şarifow çykyş edip, ýygnananlary halkara ýaryşyň başlanmagy bilen gutlady. Ol 189 ýurduň wekillerini bir ýere jemleýän bu sport çäresiniň geçirilmeginiň Azerbaýjan üçin uly ähmiýete eýedigini belledi. Şeýle hem ol ýaryşy guramakda hyzmatdaşlyk edendigi üçin FIFA-a minnetdarlyk bildirdi.
Samir Şarifow dünýä çempionatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmekde Azerbaýjanyň Prezidentiniň goldawynyň ähmiýetini hem nygtady.
FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino öz çykyşynda bu ýaryşyň dünýäniň dürli künjeklerinden gelen ýaş futbolçylary birleşdirýändigini aýtdy. Onuň bellemegine görä, Bakuda geçirilýän çärä 3 müňden gowrak futbolçy we resmi wekil gatnaşýar. Şeýle hem ýaryşyň üstünlikli geçirilmeginde meýletinçileriň we guramaçylyk işgärleriniň möhüm orny bar.
FIFA-nyň ýolbaşçysy ýaş türgenleri ýaryşdan lezzet almaga, adalatly göreşmäge, garşydaşlaryna hormat goýmaga we futbolyň düzgünlerini berjaý etmäge çagyrdy. Ol Azerbaýjanyň ýolbaşçylaryna hem-de guramaçylyk toparyna halkara futbol jemgyýetçiligini bir ýere jemlemek üçin döredilen mümkinçilikler üçin minnetdarlyk bildirdi.
Açylyş dabarasynyň dowamynda dürli ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda taýýarlanan wideolar görkezildi we çeper çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Soňra FIFA U-15 dünýä çempionaty we futbol festiwaly resmi taýdan açyk diýlip yglan edildi.
Dabaradan soň Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, birinji hanym Mehriban Aliýewa, olaryň maşgala agzalary we FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino Azerbaýjanyň hem-de Timor-Lesteniň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyga tomaşa etdiler. Oýun Azerbaýjanyň toparynyň 6:0 hasabynda gazanan ýeňşi bilen tamamlandy.
FIFA U-15 dünýä çempionaty we futbol festiwaly ýaş futbolçylaryň öz başarnyklaryny görkezmegi, halkara tejribe toplamagy hem-de dürli ýurtlaryň wekilleriniň arasynda sport gatnaşyklaryny ösdürmegi üçin möhüm mümkinçilik bolup durýar.











Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.