Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň (HYYweÖU) talyplary Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde ýerleşýän Malaýýa uniwersitetinde tomusky okuw tejribesini geçýärler.

Tomusky okuw maksatnamasy 2026-njy ýylyň 19-njy iýulyndan 15-nji awgustyna çenli dowam edip, ol Günorta-Gündogar Aziýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri hasaplanýan Malaýýa uniwersitetiniň binýadynda amala aşyrylýar.

Bu maksatnama iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda ozal gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň iş ýüzündäki dowamyna öwrüldi. Şonuň netijesinde hyzmatdaşlyk täze tapgyra çykyp, talyplar halkara bilim gurşawynda tejribe toplamak mümkinçiligine eýe boldular.

Okuw maksatnamasy dersara çemeleşme esasynda guralyp, onuň çäginde talyplar ýöriteleşdirilen leksiýalara we ylmy seminarlara gatnaşýarlar, interaktiw okuw-treninglerine goşulýarlar hem-de halkara duşuşyklarynda Türkmenistanyň baý medeni mirasyny tanyşdyrýarlar.

Bir aýlyk okuw tejribesi gatnaşyjylaryň hünär dünýägaraýşyny giňeltmäge, daşary ýurt akademiki gurşawynyň aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşmaga hem-de geljekde halkara taslamalarda üstünlikli zähmet çekmek üçin zerur bolan amaly başarnyklary ösdürmäge gönükdirilendir.