Pal­ma­lar maş­ga­la­sy­na de­giş­li bo­lan fi­nik aga­jy, esa­san, gu­rak se­bit­ler­de ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Ha­ýal ös­ýän, em­ma uzak ýa­şa­ýan bu aga­jyň bo­ýy 30 met­re çen­li ýet­ýär. Ar­ka­sy ti­ken­li, uzyn­dan in­çe çal ýap­rak­la­ry bo­lan fi­nik aga­jy iki jyns­ly bol­ýar. De­mir­ga­zyk Af­ri­ka­da we Ýa­kyn Gün­do­gar­da 6 müň ýyl­dan gow­rak wagt­dan bä­ri ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän uzyn agaç bir asyr­dan gow­rak ýa­şap bil­ýär.

Pal­ma­la­ryň «arecaceae» maş­ga­la­sy­na de­giş­li bo­lan fi­nik aga­jy Por­tu­ga­li­ýada, Is­pa­ni­ýada, Or­ta­ýer deň­zi ke­nar­la­ryn­da we Gü­nor­ta Ka­li­for­ni­ýa­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Fi­nik aga­jy eki­len­den soň 4-8 ýyl ara­ly­gyn­da ha­syl be­rip baş­la­ýar. Ha­syl möw­sü­min­de her düý­bün­den 70-140 ki­log­ram hur­ma alyp bol­ýar. In­çe­jik hur­ma­ny guş­lar we beý­le­ki mör-mö­jek­ler iý­ýän­di­gi se­bäp­li, biş­mez­den öň fi­nik aga­jy­nyň şa­ha­la­ry uzyn hal­ta­jyk­lar bi­len ör­tül­ýär.

Tropik we subtropik howa uýgunlaşan finik agajy igdä meňzeş miwesi bilen tanalýar. Finik hurmasy diýlip atlandyrylýan bu miwe ýygnalyp guradylandan soň köpçülige hödürlenilýär. Miwäniň reňki sarymtyl-gyzyl ýada garamtyl-goňur bolýar. Finik hurmasynyň düzüminde 63-64% şeker, A, E, K, B witaminleri, uglewod, kaliý, magniý, demir we süýüm saklanýar. Ýokumlylygy bilen tapawutlanýan bu miwe latynça «götermek», grekçe bolsa «barmak» diýmegi aňladýar.

Finik hurmasy adatça içi çigitli we çigitsiz görnüşde eksport edilýär. Oraza aýynda iň köp iýilýän süýji nygmatlaryň biri bolan kiçijik hurmanyň üsti bally ýada şokoladly görnüşleri hem satylýar. Inçejik hurmanyň çigidi üwemek arkaly kosmetikada we dermatologiýada ulanylýar. Mundan başgada, käbir ýurtlarda kofe goşundysy hökmünde hem peýdalanylýar. Finik hurmasy köp halkyň medeniýetinde ekerançylygyň nyşany hasaplanýar.